Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saudlylar, eger hüjümler Eýran topragyndan edilen bolsa, bu ‘uruş hereketi bolar’ diýýär


Saud Arabystanynyň daşary işler ministri Adel al-Jubeir
Saud Arabystanynyň daşary işler ministri Adel al-Jubeir

Saud Arabystany özüniň nebit desgalaryna edilen düýpli hüjümden bir hepde soňam parahatçylykly çözgüde ymtylýandygyny, ýöne alnyp barylýan derňew 14-nji sentýabrdaky “raketa we dron” hüjümleriniň Eýranyň territoriýasyndan atylandygyny kesgitlese, patyşalygyň muňa “uruş hereketi hökmünde” seretjekdigini aýdýar.

Saud Arabystanynyň daşary işler ministri Adel al-Jubeir 22-nji sentýabrda, “Roýters” habar gullugynyň maglumatyna görä, CNN bilen bolan söhbetdeşliginde “Biziň Eýrany jogapkär hasaplaýanymyzyň sebäbi Saud Arabystanyna atylan raketa we dronlar... Eýranda öndürilen we Eýran tarapyndan berlen” diýdi. "Emma sen hüjümi öz territoriýadan eden bolsaň, eger-de bu şeýle bolsa, bu bizi başga bir kategoriýada goýýar... Bu uruş hereketi diýlip hasaplanylar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Eýran tarapyndan goldanylýan we golaýdaky Ýemende söweşýän huti gozgalaňçylary uzak wagtlyk ABŞ ýaranyna, Ýemeniň hökümetine harby goldaw beren ýurda edilen hüjümleriň jogapkärçiligini gyssanmaç öz üstüne aldy.

Bu hüjümler nebiti gaýtadan işleýän uly desga bölekleýin zyýan ýetirdi we global nebit bahalaryna sarsgyn berdi.

Synçylaryň köpüsi ýemen konfliktine sünni köplügindäki Saud Arabystany bilen şaýy ýolbaşçylygyndaky Eýranyň arasynda barýan proksi uruş hökmünde garaýar.

XS
SM
MD
LG