Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Berdimuhamedow kiçi gyzynyň adamsyny Dubaýda baş konsullyga belledi


Berdimuhamedowlar ses berýär. 12-nji fewral, 2017.
Berdimuhamedowlar ses berýär. 12-nji fewral, 2017.

“Gündogar” neşiri türkmen prezidentiniň öz gyzynyň adamsyny Dubaýda baş konsullyga belländigini habar berýär.

TDH 28-nji sentýabrda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň karary bilen Yhlasgeldi Amanowyň Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (Dubaý şäheri) baş konsuly wezipesine bellenendigini habar berdi. Resmi habarda Amanow barada başga maglumat berilmeýär.

“Gündogar” neşiriniň ýazmagyna görä, Y.Amanow 1983-nji ýylda Aşgabatda doguldy we 2004-nji ýylda G.Berdimuhamedowyň kiçi gyzy Güljahana öýlendi.

Neşiriň maglumatyna görä, G.Berdimuhamedow prezident bolanyndan soň öz çagalarynyň ählisini diplomatik gulluklarda resmileşdirdi we olary maşgalasy bilen daşary ýurtlara iberdi.

Amanow 2007-nji ýylyň fewralynda Türkmenistanyň Germaniýadaky ilçihanasynyň birinji sekretary wezipesine bellendi, 2008-nji ýylda Londona geçirildi we ol ýerde Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky uglewodorod serişdelerini peýdalanmak agentligiň filialyny açmak bilen meşgullandy; 2011-nji ýyldan bäri Brýusselde ýaşaýar; 2015-2018-nji ýyllarda Türkmenistanyň Belgiýadaky we Lýuksemburgdaky ilçisiniň geňeşçisi; 2018-nji ýyldan şu wagta çenli Türkmenistanyň Britaniýadaky ilçihanasynda birinji sekretar bolup işledi diýip, “Gündogar” habar saýty ýazýar.

XS
SM
MD
LG