Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda gatnaşyk pes bolan prezident saýlawlarynyň sesleri sanalýar


28-nji sentýabrdaky saýlawlara gatnaşmak üçin 9.57 million owganly hasaba alyndy.
28-nji sentýabrdaky saýlawlara gatnaşmak üçin 9.57 million owganly hasaba alyndy.

Owganystanyň Garaşsyz saýlaw komissiýasynyň agzasy ses berişlige gatnaşygyň resmi bolmadyk hasaplamalary 28-nji sentýabrdaky prezident saýlawlaryna 2 milliondan gowrak adamyň gatnaşandygyny görkezýär diýdi, bu 2014-nji ýylda geçirilen soňky prezident saýlawlaryna gatnaşan 7 million çemesi saýlawçy bilen deňeşdirilende örän az bolýar.

28-nji sentýabrdaky saýlawlara gatnaşmak üçin 9.57 million owganly hasaba alyndy. Emma saýlawa gantaşygyň häzirki hasaplamalary oňa hasaba alnan ses berijileriň 20 prosentden gowragynyň gatnaşyp bilendigini görkezýär.

Owganystanyň garaşsyz Hukuklar komissiýasyndan bolan synçylar ses berişlige gatnaşygyň aýallar arasynda aýratyn pes bolandygyny aýdýarlar.

GSK 29-njy sentýabr güni irden sesleriň 1.1 milliondan gowragynyň sanalandygyny aýtdy. Sanalan sesler saýlaw döwründe açyk galan saýlaw uçastoklarynyň ýaryndan gowragynda, 2,597 ses beriş merkezinde berlen sesleri öz içine alýar.

Saýlawlara ýurduň dürli ýerlerinde guralan jeňçi hüjümleri, saýlaw uçastoklarynda dörän problemalar, gatnaşygyň pesligi zyýan berdi

Owgan saýlaw resmileri sesleriňjemi 4,905 merkezde sanalmalydygyny aýtdylar. 500-den gowrak saýlaw nokady, jeňçi hüjümleriniň wehimi astynda, ýapyk galdy.

Saýlawlarda 15 kandidat bäsleşdi, ýöne esasy bäsleşik iş başyndaky prezident Aşraf Gani bilen baş ýerine ýetiriji ofiser Abdulla Abdullanyň arasynda bolar öýdülýär.

Eger kandidatlaryň hiç biri birinji tapgyrda sesleriň köplügini almasa, ikinji tapgyr prezident saýlawlary 23-nji noýabrda, iki öňe saýlanan kandidatyň arasynda geçiriler.

Ahyrky netijeleriň 7-nji noýabrda yglan edilmegine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG