Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde alkogolly içgileriň sarp edilişi azaldy, ömrüň dowamlylygy uzaldy


Orsýetde alkogolly içgileriň sarp edilişi 2003-nji ýyldan 2016-njy ýyla çenli aralykda 43% peseldi.
Orsýetde alkogolly içgileriň sarp edilişi 2003-nji ýyldan 2016-njy ýyla çenli aralykda 43% peseldi.

Orsýetde alkogolly içgileriň sarp edilişi 2003-nji ýyldan 2016-njy ýyla çenli aralykda 43% peselip, ömür dowamlylygynyň uzalmagyna getirýär diýip, Bütindünýä saglyk guramasy aýdýar.

BMG-niň saglyk guramasynyň 1-nji oktýabrda çap eden barlaglarynyň netijeleri döwletiň alkogolly içgilere kontrollyk we sagdyn durmuş ýörelgelerine itermek boýunça gören tapgyrlaýyn çäreleriniň spirtli içgileriň ulanylyşynyň azalmagyna alyp gelendigini görkezdi.

Durmuşa geçirilen çäreler netijesinde, Orsýetde ömrüň dowamlylygy 2018-nji ýylda “taryhy uzaklyga” çykyp, erkekler üçin ortaça 68, aýallar üçin 78 ýaş boldy diýip, hasabatda aýdylýar.

Alkogolly içgileriň sap edilişi boýunça dünýäde iň ýokary derejede durýan ýurtlaryň biri bolup galsa-da, Orsýet indi alkogolly içgiler sebäpli ölüm derejesi ýokary bolan ýurtlar üçin, bu betbagtçylyga garşy durmak syýasaty boýunça görelde bolup biler diýip, BSG-niň eksperti Ferreira-Borges aýtdy.

Alkogolly içgiler bilen bagly ölüm Orsýet Federasiýasynda ölüm sebäpleriniň, hususan-da işleýän erkekleriň arasynda, baş faktorlarynyň biri bolup durýardy diýip, barlaglaryň netijesinde aýdylýar.

XS
SM
MD
LG