Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kosowanyň partiýasy saýlawlaryň öňýanynda Trampyň öňki kampaniýa maslahatçysyny işe aldy


Sam Nunberg
Sam Nunberg

Kosowanyň Demokratik partiýasy şu hepdäniň ahyrynda geçiriljek parlament saýlawlarynyň öňüsyrasynda, ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň öňki kampaniýa maslahatçysyny işe aldy.

Sosial mediada jynsparaz mazmunly çap eden maglumatlary üçin 2015-nji ýylda Trampyň kömekçisi wezipesinden çetleşdirilen Sam Nunberg partiýanyň dalaşgärleri üçin “çykyşlary we aragatnaşyk maslahatlaryny taýýarlar”. Bu barada daşary ýurt agenti hasaba almak boýunça 30-njy sentýabrda ABŞ-nyň Adalat departamentine berlen resminamada aýdylýar.

Şeýle-de, Nunberg Kosowadaky saýlawlar barada ABŞ-nyň media guramalaryny maglumatlar bilen üpjün edip, Waşingtondaky resmileri saýlawyň netijeleri barada hem habarly eder.

Resminamada aýdylmagyna görä, düýbi Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän syýasy maslahatça $110000 möçberinde hak tölener. Onuň kontrakty 15-nji dekabrda tamamlanar.

Birleşen Ştatlar Kosowanyň garaşsyzlygynyň iň esasy tarapdarlarynyň biri hasaplanýar we ýurtdaky syýasy partiýalar saýlawlarda sesleri ýeňmek üçin ABŞ bilen berk gatnaşyklaryň bardygyny görkezmäge synanyşýarlar.

XS
SM
MD
LG