Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO-nyň delegasiýasy Gürjüstanyň Batumi şäherine bardy


NATO-nyň baş sekretarynyň orunbasary hanym Rose Gottemoeller
NATO-nyň baş sekretarynyň orunbasary hanym Rose Gottemoeller

NATO-nyň baş sekretarynyň orunbasary hanym Rose Gottemoeller iki günlük sapar bilen 3-nji oktýabrda Gürjüstana bardy. Ol bu ýerde gürji premýer-ministri Giorgi Gakharia bilen bilelikde NATO-Gürjüstan komissiýasynyň ýygnagyna ýolbaşçylyk eder.

Bu duşuşyk kurort şäheri Batumide geçirilýär we oňa ýaranlygyň hemişelik wekilleri hem gatnaşar diýlip, NATO-nyň ýaýradan habarynda aýdylýar.

Olar we Gottemoeller gürji prezidenti Salome Zourabiçwili, içeri işler ministri Waktang Gomelauri, goranmak ministri Arçil Talakwadze we parlamentiň agzalary bilen hem duşuşyklary geçirmegi planlaşdyrýarlar.

Gottemoelleriň Batuminiň döwlet uniwersitetindäki studentleriň öňünde çykyş etmegine hem garaşylýar.

XS
SM
MD
LG