Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrakdaky köpçülikleýin protestlerde ölenleriň sany 18 adama ýetdi


Protestlerde 600-den gowrak protestçi we howpsuzlyk işgäri ýaralandy diýip, saglyk işgärleri aýdýarlar.
Protestlerde 600-den gowrak protestçi we howpsuzlyk işgäri ýaralandy diýip, saglyk işgärleri aýdýarlar.

3-nji oktýabrda Yrakda korrupsiýa we işsizlige garşy geçirilýän köpçülikleýin protestlerde ölenleriň sany 18 adama ýetdi. Bu waka durnuksyzlygyň ýurduň günortasyna hem ýaýran mahalyna gabat geldi.

Yraklylar ýerli komendant sagadyna we polisiýanyň göz ýaşardyjy gazy ulanýandygyna garamazdan, 3-nji oktýabrda tapgyr üçünji güni köçelere çykmagy dowam etdirýärler. Bu premýer-ministr Adel Abdel Mahdiniň hökümetine garşy dörän iň uly köçe protestleridir.

Häkimiýetler daňdan sagat 5:00-dan başlap paýtagtda ähli hereketi gadagan etdiler. Emma onlarça protestçi bu gadagançylyga garşylyk görkezip, Bagdadyň Tahrir meýdanynda üýşdi.

Yrakdaky bu ýörişler 1-nji oktýabrda Bagdatda başlandy we şondan soň bu çäre ilatynyň aglabasy şaýy musulmanlardan ybarat günorta şäherlere tarap hem ýaýrady.

Saglyk we howpsuzlyk pudaklaryndaky çeşmeler Amarah şäherinde dört protestçiniň we Dhi Kar welaýatynda başga-da bir adamyň atylyp öldürilendigini aýdýarlar.

Adam ýitgileri baradaky täze maglumatlaryň netijesinde soňky üç günüň dowamynda protestlerde ölenleriň sany 18 adama ýetdi. Olaryň biri polisiýa ofiseridir.

Protestlerde 600-den gowrak protestçi we howpsuzlyk işgäri ýaralandy diýip, saglyk işgärleri aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG