Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň baş diplomaty Türkmenistana sapar eder


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 10-njy oktýabrda, GDA ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada sapar eder.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Mariýa Zaharowanyň dördünji gün žurnalistlere aýtmagyna görä, ministrleriň duşuşygynda regional meseleler we hyzmatdaşlyk perspektiwalary ara alnyp maslahatlaşylar.

“Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň başlygy 10-njy oktýabrda Aşgabatda GDA-nyň Daşary işler ministrleri geňeşiniň ýene bir mejlisine gatnaşar” diýip, diplomat aýtdy.

“Duşuşyk wagtynda olar GDA düzüminiň içindäki hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we perspektiwalary hakynda maslahat ederler, häzirki regional meseleler barada pikir alşarlar. Şeýle-de olar kanuny ýerine ýetiriş guramalary, şol sanda harby we medeni-ynsanperwerçilik pudagy boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýän kararlar toplumyny tassyklamagy planlaşdyrýar” diýip, resmi sözüniň üstüni ýetirdi.

Mejlise gatnaşyjylar GDA-nyň daşary işler ministrleriniň arasynda 2020-nji ýylda Sowet Soýuzynyň Ikinji Jahan Urşunda gazanan ýeňşiniň 75 ýyllygyny bellemek babatynda aýratyn hyzmatdaşlykgurulmagynahem üns berer.

"Daşary işler ministrleri GDA-nyň agza döwletleriniň baştutanlaryna, arkalaşyk ýurtlarynyň halklaryna we halkara jemgyýetçiligine ýüzlenmäniň taslamasyny tassyklar” diýip, Zaharowa aýtdy.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG