Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti nobatdaky wezipeden boşatmak we wezipä bellemek kararlaryna gol çekdi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji oktýabrda hökümetiň 9 aýdaky işleriniň netijelerine bagyşlanan maslahatyny geçirip, nobatdaky wezipeden boşatmak we wezipä bellemek kararlaryna gol çekdi.

Hökümet başlygynyň kararyna laýyklykda, Baýramgeldi Öwezow hökümet başlygynyň aragatnaşyk, ulag we senagat boýunça orunbasary wezipesine bellendi. Ol ýanwardan bäri “Türkmenaragatnaşyk” agentligine ýolbaşçylyk edýärdi, ondan öň, 2012-nji ýyldan bäri aragatnaşyk ministri boldy.

Öwezow 1-nji oktýabrda wise-premýerlikden boşadylan Mämmethan Çakyýewiň ornuna geçirildi, Çakyýew prezidentiň 12 käýinjinden soň wezipesini we döwlet sylaglaryny ýitiren içeri işler ministri Isgender Mulikowyň ornuna geçirildi. Çakyýewiň wise-premýerlik wezipesini üç günläp wise-premýer Çarymyrat Pürçekow ýerine ýetirdi. Şu aralykda Çakyýewe general-maýor çini berildi.

Hajymyrat Hudaýgulyýew Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygy, Ahmet Berdiýew “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory, Döwletguly Baýlyýew “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktorynyň orunbasary wezipesine bellenildi. Berdiýew ozal bu birleşigiň başlygynyň orunbasarydy.

Türkmenistanda ýokary wezipeli ýolbaşçylary ýygy-ýygydan çalşyrylmagy, korrupsiýada ýa işde düýpli kemçilik goýbermekde aýyplanan ýolbaşçynyň ornuna onuň orunbasarynyň bellenmegi, ýene bir ýa iki ýyla ýetmän başlygyň wezipeden boşadylmagy we onuň ýerine orunbasarynyň bellenmegi adaty zada aýlandy.

Wezipesinden boşadylan öňki ýolbaşçylaryň soňky ykbaly barada köplenç açyk maglumat berilmeýär.

XS
SM
MD
LG