Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demokratlar Ak tamdan ukrain ylalaşyklary baradaky dokumenleri bermegini talap edýär


Daşarky meseleler komitetiniň başlygy Eliot Engel
Daşarky meseleler komitetiniň başlygy Eliot Engel

Demokrat kanun çykaryjylar Kongresiň prezident Donald Tramp babatynda geçirýän impiçment derňewiniň çäginde Ak tama Ukraina bilen bagly işlere degişli dokumentleriň berilmegi barada resmi kanuny talap hatyny ýollady.

Wekiller öýüniň üç komitetiniň demokrat başlyklary tarapyndan 4-nji oktýabrda ädilen ädim demokratlar bilen ABŞ adminstrasiýasynyň arasyndaky dartgynlyklary has ýokaryk galdyrjaga meňzeýär.

Wekiller öýüniň Gözegçilik komitetiniň başlygy Elijah Cummings, Aňtaw komitetiniň başlygy Adam Schiff, Daşarky meseleler komitetiniň başlygy Eliot Engel bu resmi talap hatyny ýazmaga mejbur bolandyklaryny, sebäbi Ak tamyň 9-njy sentýabrda ýazmaça edilen talap esasynda soralýan dokumentleri bermändigini aýtdy.

"Biz prezident Trampyň özümizi – şeýle-de döwleti -şunuň ýaly ýagdaýda goýmagyna çuňdan gynanýarys, emma onuň hereketleri bize şu hili resmi sud çakylygyny ibermekden başga ýol goýmady” diýip, başlyk aýtdy we talap edilýän dokumentleriň 18-nji oktýabra çenli berilmelidigini sözüniň üstüne goşdy.

Ak atmyň sözüçüsi Stephanie Grisham bu talaba jogap edip, “sud çakylygynyň hiç zat üýtgetmeýändigini, diňe köp dokument talabyndan, wagt we salgyt töleýjileriň puluny ýitirmekden başga zat däldigini, bularyň ahyrynda prezidentiň hiç bir ýalňyş iş etmändigini görkezjekdigini” aýtdy.

XS
SM
MD
LG