Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindi aktiwistleri, ABŞ senatory Kaşmire goýberilmedi, zorluklar dowam edýär


Kongres delegasiýasynyň çäginde Hindisatana sapar edýän senator Kris Wan Hollen
Kongres delegasiýasynyň çäginde Hindisatana sapar edýän senator Kris Wan Hollen

Hindi aktiwistleri we ABŞ senatory Kaşmiriň hindi dolandyryşyndaky bölegine goýberilmedi, dawaly gimalaý sebitinde tasdan doly daşy baglanmagy esasynda üçünji aýa giren dartgynlyklar ýokary bolmagynda galýar.

Kongres delegasiýasynyň çäginde Hindisatana sapar edýän senator Kris Wan Hollen (Chris Van Hollen, demokrat-Meriland) we magaryf reformaçysy Sandeep Pandey 5-nji oktýabrda Nýu-Deliniň özlerine Kaşmire syýahat etmek rugsadyny bermekden ýüz öwrendigini aýtdy.

Hollen Nýu-Delide žurnalistlere özüniň ol ýerdäki ýagdaýlary görmek, şertler bilen tanyşmak üçin Kaşmire syýahat etmekçi bolandygyny gürrüň berdi.

Şeýle-de ol Birleşen Ştatlaryň Hindistan bilen Pakistanyň arasynda iki bölünen, emma iki ýurt tarapyndan hem doly dawasy edilýän Kaşmirdäki “ynsanperwerçilik ýagdaýlaryna ýakyndan syn edýändigini” aýtdy.

ABŞ resmileri Hindistanyň bu regionyň daşyny doly baglamagyny tankytlady we Nýu-Delini ýaşaýjylara girizilen çäklendirmeleri gowşatmaga çagyrdy.

Pandey hem aýratynlykda, özüniň we beýleki aktiwistleriň Srinagardaky aeroportdan, sebitiň esasy şäherinden çykmaklarynyň gadagan edilendigini aýtdy. Olar bu ýere 4-nji oktýabrda, faktlary anyklamak missiýasy bilen bardy.

Pandey 5-nji oktýabrda hindi paýtagtynda guralan metbugat ýygnagynda “bizi sakladylar we biz munuň näme üçin beýle edilendigini bilemizok” diýdi.

XS
SM
MD
LG