Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kosowalylar irki parlament saýlawlarynda ses berýär


Kosowalylar ses berýär
Kosowalylar ses berýär

Kosowadaky saýlawçylar 6-njy oktýabrda korrupsiýa, ýokary derejeli işsizlik we goňşy Serbiýa bilen gowy bolmadyk goňşuçylyk aladalarynyň arasynda irki saýlawlarda ses berýärler.

120 kanun çykaryjyny saýlamak üçin 1.9 million çemesi raýatyň ses bermek mümkinçiligi bar, bu Kosowanyň 2008-nji ýyldan Serbiýadan garaşsyzlygyny jar edeli bäri geçirýän bäşinji saýlawy bolup durýar.

Kosowa, ortaça 29 ýaş bilen, Ýewropanyň iň ýaş ilatly ýurdy bolup durýar we soňky onýyllykda ortaça dört prosent ykdysady ösüş gazandy.

Emma ol garyp ýurt bolmagynda galýar, işsizligiň derejesi 25%, Pristina garaşsyzlyk gazanaly bäri 200 müňden gowrak kosowaly ýurtdan gitdi we ÝB ýurtlaryndan oturym sorady.

Irki saýlawlara premýer-ministr Ramuş Haradinaýyň iýulda işden çekilmegi sebäp boldy. Ol Haagada uruş janaýatlaryny derňeýän prokurorlar uruş wagtynda Kosowa Azat ediş goşunynda oýnan roly bilen bagly soraga çagyranlaryndan soň işden çekildi.

Haradinaýyň üç partiýanyň koalisiýasyna daýanýan dolandyryşyndan jemgyýetçiligiň razy bolmazlygy oppozisiýon partiýalaryň mümkinçiliklerini artdyrdy, Kosowanyň merkez-sagçy Demokratiki ligasy we milletçi, çepe gyşarýan Vetevendosje öň hatarda bäsleşýär.

XS
SM
MD
LG