Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fiziologiýa we medisina boýunça Nobel baýragy iki amerikan we bir britan alymyna berildi


Gregg Semenza, Peter Ratcliffe we William Kaelin (çepden saga).
Gregg Semenza, Peter Ratcliffe we William Kaelin (çepden saga).

2019-njy ýylda Fiziologiýa we medisina boýunça Nobel baýragy “öýjükleriň nädip kislorodyň elýeterliligini duýýandygynyň we oňa uýgunlaşýandygynyň” üstüni açandyklary üçin iki amerikan we bir britan alymyna berildi.

Stokgolmyn Karolinska institutynyň 7-nji oktýabrda çap eden maglumatynda William Kaeliniň, Peter Ratcliffeniň we Gregg Semenzanyň açyşlarynyň “durmuşdaky iň möhüm uýgunlaşmak prosesiniň mehanizminiň üstüni açandygy” aýdylýar.

“Olar kislorodyň derejesiniň nädip öýjük metabolizmine we fiziologik funksiýasyna täsir edýändigine düşünmegimiz üçin esas goýdular. Şeýle-de, olaryň açyşlary gan azlyk, rak we başga-da ençeme kesele garşy göreşmek üçin täze perspektiw strategiýalara ýol açdy” diýlip, beýanatda aýdylýar.

Şeýle-de, beýanatda üç alymyň $918,000 möçberindäki nagt pul sylagyny hem paýlaşjakdygy bellenilýär.

XS
SM
MD
LG