Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Özbek armiýasynyň buýsanjy', MMA göreşi boýunça pälwan Nurmatow Groznyýda geçen başa-baş göreşden soň ýogaldy (wideo)


Bekzod Nurmatow.
Bekzod Nurmatow.

Garyşyk göreş boýunça (MMA) özbegistanly pälwan Bekzod Nurmatow Groznyýda orsýetli Beslan Isaýew bilen ýekme-ýek göreşden soň aradan çykdy. Nurmatowyň jesedi 8-nji oktýabrda Özbegistana getirildi.

Bekzod Nurmatow 4-nji oktýabrda Groznyý şäherinde geçen Absolute Championship Akhmat 100 atly garyşyk başa-baş göreşe gatnaşdy.

Pälwan orsýetli göreşiji Beslan Isaýew bilen ýekme-ýek göreşe çykyp, üç aýlawda göreşdi. Netijede sudýalaryň gelen karary bilen ýeňlen hasap edildi.

Çäräni guraýjylaryň maglumatyna görä, Bekzod Nurmatow oýnuň ahyrragynda örän ýiti bir urgudan goranyp bilmändir, onuň gaşy çapylypdyr.

Bäsleşikden soň Bekzod Nurmatowda insult peýda boldy. Ony keselhana göterdiler. Pälwan özünden gitdi hem üç gün geçenden soň, 7-nji oktýabr gijesi jan berdi.

Nurmatowyň hossarlaryna salgylanan TASS habar gullugynyň maglumatyna görä, pälwanyň jesedi 8-nji oktýabrda sişenbe güni ýurduna getirilip, şol gün hem jaýlanar.

Bekzod Nurmatow 37 ýaşyndady, ol 13 gezek ýekme-ýek göreşe gatnaşyp, olardan 11 ýeňiş gazandy hem 2 göreşde ýeňildi. Şu ýylyň aprel aýynyň başynda Gyrgyzystanyň paýtagtynda geçen «Батыр башы» etnoturnire gatnaşyp, garyşyk başa-baş göreş boýunça ýeňiş gazandy hem Gran-pri IV çempionlyk guşagyna mynasyp boldy.

Özbegistanyň Goranmak ministrligi Bekzod Nurmatowa «özbek armiýasynyň buýsanjy» diýýärdi.

Bekzod Nurmatow harby lybasda.
Bekzod Nurmatow harby lybasda.

Ol soňky ýyllarda Sankt-Peterburgdaky MMA sport klublarynyň birinde türgenleşik geçýärdi.

Bekzod Nurmatowyň asly Kaşgaderýa welaýatynyň Guzar raýonyndan. Ol başa-baş garyşyk göreşlere 2016-njy ýyldan gatnaşyp başlady. Ýumruklaşma göreşi boýunça dünýäniň çempiony boldy. Köp gezek Dünýä kubogyny eýeledi hem Aziýanyň üç gezek çempiony boldy.

Material AÝ/AR-nyň Özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG