Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyz alyp gaçmak wideosynyň bardygyna garamazdan, milisiýanyň geleňsizligi jemgyýetçilikde närazylyk döredýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Ýaş gyzy alyp gaçyp, zor bilen nikadan geçmäge mejbur edişleri barada Internetde ýaýradylan wideo ýazgy boýunça Gyrgyzystanyň Içeri işler ministrligi «hiç kimden arza düşmedi» diýip, oňa ähmiýet berilmeýändigini mälim etdi. Graždan jemgyýetçiligi bilen ynsan hukugyny goraýjylar döwlet organynyň beýle jogabyna gahar-gazap bildirip, muny aňrybaş perwaýsyzlyk hasap etdiler.

7-nji oktýabrda Gyrgyzystanyň sosial ulgamlarynda peýda bolan wideoda, entek örän ýaş görünýän bir gyz gelin oturmaly tutudan özüni daşary atjak bolýar, beýlekiler bolsa onuň başyna ýaglyk bürejek bolýarlar, ýagny onuň nikadan geçendigini aňlatmaga çalyşýarlar. Töwerekdäkileriň goh-galmagalyndan hem aýdym-saz sesinden ýaňa gyzyň gykylygy eşidilmeýär.

Internet ulanyjylaryň ýazmagyna görä, alnyp gaçylan gyz 16 ýaşynda bolmaly, 35 ýaşly adam ony özüne gelin edinmek üçin güýç bilen alyp gaçypdyr. Bir gün geçenden soň, 8-nji oktýabrda Içeri işler ministrliginiň metbugat-gullugy Talas oblastynyň içeri işler bölümi bu goýlan wideo ýazgy boýunça derňew işini geçirýändigini mälim etdi, ýöne häzire çenli iş boýunça arza-şikaýatyň gowuşmandygyny-da bildirdi.

Milisiýanyň beýle geleňsizligi sosial ulgamlarda dürli jedelleriň döremegine getirdi. Graždan aktiwisti Altyn Kapalowa muny perwaýsyzlyk atlandyrdy, kanun goraýjy guramalaryň gyzgyny bilen bu iş boýunça jenaýat işini gozgamalydygyny öňe sürdi. Onuň pikirine görä, işe beýle geleňsiz garamak şeýle jenaýatyň artmagyna itergi berýär:

Altyn Kapalowa
Altyn Kapalowa

«Güýç ulanyjylaryň jogaby; «hiç kimden arza düşmedi» diýmekleri meni geň galdyrdy hem gaharymy getirdi. Milisiýa beýle jogap gaýtarmaly däl. Olar wideodaky fakt esasynda haýal etmezden derňew işine başlamaly. Kanun goraýjylara ol ýazgyda görkezilen adamlary tapmak kynmy? Bizde güýç ulanyjy guramalar beýle jenaýatyň üstüni açmaga gyzyklanma bildirmeýär diýen pikiri döredýär. Ol gyzyň nirededigi häzire çenli-de belli däl. Belki-de, häzir ol gyzyň garşysyna güýç ulanyp, ony nikadan geçmäge mejbur edendirler, belki, onuň garşysyna başga jenaýat edilýändir. Belki, ony hossarlary yzyna alandyr? Bu ýagdaýlar barada näme üçin milisiýa hiç zat aýtmaýar» diýip, Altyn Kapalowa närazylygyny bildirýär.

Ýurist Çynara Žakupbekowa jemgyýetçilikde uly seslenme döreden bu wideo haýsydyr bir tarapyň arza-şikaýatnamasy bolmazdan, jenaýat işini açmaga hem derňew geçirmäge sebäp bolup bilýändigini ýatladýar:

Çynara Žakupbekowa.
Çynara Žakupbekowa.

«Kanun boýunça olar bu wideony görenden soň, jenaýat işini açyp bilýärler. Jenaýat işini açmaga şu wideo esas bolup biler, ýagny arza gowuşmadyk ýagdaýynda-da derňew işine başlap, bolup geçen ýagdaýy anyklaşdyryp bilerdiler. Belki, ol gyzyň arza bermäge mümkinçiligi ýokdur? Onsoňam, ol gyz kämillik ýaşyna ýetmedik bolsa, hossarlary arza berip bilerdi. Eger kämillik ýaşyna ýeten bolsa, onuň özüniň arza bermäge haky bar» diýip, ýurist Çynara Žakupbekowa düşündirýär.

Şunuň bilen birlikde hukuk goraýjylar töwerekdäki adamlaryň bolşuna-da ünsi çekýärler. Olar gyzyň garşylygyna hem gykylygyna garamazdan, şagalaňly goh-galmagal hem dabaraly aýdym-sazyň sesi bilen zorluk aktynyň üstüni örtmäge çalyşýarlar.

«Özgerişlik Agenti» guramasynyň başlygy Saliýa Akulowa häzirki ýagdaýda beýle jenaýatyň amala aşmagyna kimler gatnaşan bolsa, taraplaryň ählisiniň jogapkärçilik duýmaklarynyň zerurdygyny aýdýar:

Saliýa Akulowa.
Saliýa Akulowa.

«Meniň pikirimçe, bu jemgyýetiň perwaýsyzlygyny açyk görkezýän hadysa. Ol gyzyň başyna ýaglyk bürejek bolup dyrjaşýan aýallaryň özleri-de birmahal şeýdip durmuşa çykan bolsalar gerek. Indi olar başgalar hem şeýdip durmuşa çykmaly diýip hasaplaýarlar. Töwerekdäkileriň hiç biri ol gyzyň ýagdaýyna üns bermeýär, öýlenýäniň dostlary hem ýoldaşlary aýdym aýdýarlar, ýagny şowhun döredýärler. Munuň özi perwaýsyzlygyň ýüze çykmagy. Gynansak-da, olar şeýle bolmalydyr diýip düşünýärler. Olar jenaýat edýändiklerini soňra-da bilenoklar. Şonuň üçinem bu ýagdaýda gyzyň alnyp gaçylmagyna dahylly bolanlaryň ählisi kanunda nähili görkezilen bolsa, şol derejede jogapkärçilige çekilmeli» diýip, Saliýa Akulowa belleýär.

Gyrgyzystanda gyzlaryň güýç bilen alnyp gaçylmagy hem onuň mejbury nikadan geçmegini guramak häli-şindi dile düşüp dur. Geçen ýyl 20 ýaşly Burulaý Turdaaly kyzy alnyp gaçylandan soň, ony ogurlan göni milisiýanyň binasynda gyzy pyçaklap öldürdi. Bu hadysa gelin alyp gaçmak hereketine bolan garaýşy güýçlendirdi.

2019-njy ýyldan güýje giren täze Jenaýat kanunyna görä, Gyrgyzystanda gyzlary gelin edinmek maksady bilen alyp gaçan jenaýatça 5 ýyldan 10 ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berlip bilner. Eger hadysa bolan wagtynda, gyz kämillik ýaşyna ýetmedik bolsa, ony nikalaşmaga mejbur edenlere 200 müň som jerime salnar.

Material AÝ/AR-nyň Gyrgyz gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG