Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Kremliň esasy maslahatçylarynyň birini wezipesinden boşatdy


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin (sagda) we Sergeý Glazýew (arhiw suraty)

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Kremliň esasy maslahatçylarynyň biri Sergeý Glazýewi wezipesinden boşatdy. ABŞ we Ýewropa Bileleşigi Glazýewiň Ukrainanyň Krym ýarymadasyny basyp almak boýunça çäreleri koordenirlemekdäki roly üçin, oňa garşy sanksiýalary girizipdi.

Glazýew 2012-nji ýyldan bäri Putiniň maslahatçysy bolupdy. Putin ony wezipesinden boşatmak baradaky karara 9-njy oktýabrda gol goýdy.

1-nji oktýabrda Glazýewiň Ýewraziýa Ykdysady Komissiýasynyň Integrasiýa we Makroykdysady ministri wezipesine bellenendigi habar berilipdi.

Kiýew Glazýewi “Ukrainanyň milli howpsuzlygynyň, parahatçylygynyň we halkara hukuk kadalarynyň esaslaryna garşy gözgyny jenaýatlary amala aşyrmakda” aýyplap tussag etmek isleýär.

2016-njy ýylda Ukrainanyň Baş prokuraturasy Glazýewiň 2014-nji ýylyň fewralynyň aýaklaryndan başlap Krymy basyp almak boýunça çäreleri koordinirländigini görkezýändigi aýdylýan audio ýazgylary çap etdi.

Audio ýazgylarda Glazýewiň şol döwürde Ukrainanyň beýleki, hususanda Odesa, Harkow, Zaparožýe we Donetsk sebitlerindäki raýat bidüzgünçiliklerini koordinirländigini hem aňsa bolýar.

Glazýew bu ýazgylary “boş gürrüň” diýip, atlandyrdy.

2014-nji ýylyň fewralynyň aýaklarynda Russiýa tarapdar güýçler Ukrainanyň gündogaryndaky Luhansk, Donetsk, Odesa, Harkow we Zaparožýe sebitlerindäki hökümet binalaryny eýeläp başlapdylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG