Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýäniň Siriýanyň demirgazygyndaky operasiýasy sebäpli müňlerçe adam sebiti terk etdi


Siriýanyň Tal Abýad şäherinden çykýan duman tüsseleri. 10-njy oktýabr, 2019 ý.
Siriýanyň Tal Abýad şäherinden çykýan duman tüsseleri. 10-njy oktýabr, 2019 ý.

Türkiýäniň Siriýadaky kürt güýçlerine garşy alyp barýan harby operasiýasyny ýaýbaňlatmagy netijesinde müňlerçe adam öýlerini terk etmäge mejbur galdy, şeýle-de onlarça adam öldürldi.

Bu aralykda, prezident Donald Tramp 10-njy oktýabrda çykyş edip, “Türkiýe bilen kürtleriň arasyndaky ylalaşyga araçylyk etmäge” taýýardygyny aýtdy.

Trampyň sebitdäki kürt güýçlerine hemaýat beren ABŞ-nyň esgerini regiondan çykarmak baradaky kararyndan soň, Türkiýe harby hüjüme geçipdi.

Şol bir wagtda, Trampyň Respublikan partiýasynyň Wekiller Öýündäki 29 agzasy Türkiýäniň Siriýanyň demirgazygyndaky hereketleri üçin, Ankara garşy sanksiýalary girizmek boýunça kanun taslamasyny hödürlejekdiklerini mälim etdiler.

Wekiller Öýündäki we Senatdaky Respublikanlar Trampyň ABŞ-nyň esgerlerini Siriýanyň demirgazygyndan çykarmak baradaky 6-njy oktýabrdaky buýrugyny tankytlap çykyş etdiler.

Bu buýrugyň tankytçylary munuň ABŞ-nyň ýarany kürt güýçlerine dönüklik bolandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG