Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ozalky gyrgyz prezidenti sud diňlenişigine gelmedi


Gyrgyzystanyň ozalky prezidenti Almazbek Atambaýew
Gyrgyzystanyň ozalky prezidenti Almazbek Atambaýew

Gyrgyzystanyň ozalky prezidenti Almazbek Atambaýew özüne bildirilýän korrupsiýa aýyplamalary esasynda geçirilýän birinji sud diňlenişigine gatnaşmakdan ýüz öwürdi.

63 ýaşly ozalky prezidentiň aklawçysy Sergeý Slesarýewiň sözlerine görä, Atambaýew onuň öz sözi bilen aýdylanda “bu oýuna gatnaşmakdan ýüz öwrüpdir”.

Birinji Maý etrap sudy Atambaýewe bildirilýän aýyplamalaryň 2013-nji ýylda ýakasyny tanadan jenaýatçy Aziz Batukaýewiň tussaglykdan bikanun ýagdaýda möhletinden ir boşadylmagy bilen baglydygyny awgustda aýynda mälim edipdi.

Atambaýew özüne bildirilýän aýyplamalary ret edýär.

Eger-de onuň günäsi subut edilse, oňa 15 ýyl türme tussaglygynyň berilmegi mümkin.

Ozalky gyrgyz lideri, polisiýa bilen iki güne çeken gapma-garşylykdan soň, 8-nji awgustda tussag edilipdi.

XS
SM
MD
LG