Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Siriýadan 1 müň esgerini çykaryp başlady


ABŞ-nyň harbylary (arhiw suraty)
ABŞ-nyň harbylary (arhiw suraty)

Siriýanyň demirgazygynda Türkiýäniň ýolbaşçylygyndaky güýçler bilen kürt ýaraglylarynyň arasyndaky dowam edýän gazaply çaknyşyklaryň fonunda, ABŞ sebitdäki ähli esgerlerini ewakuasiýa edýändigini mälim etdi; Fransiýa hem özüniň harby we raýat gullukçylarynyň howpsuzlygyny kepillendirmek üçin çäreleri görýändigini yglan etdi.

Bu aralykda, Siriýadaky kürt güýçleri Türkiýäniň hüjümlerine garşy durmak üçin Siriýa hökümetinden hemaýat almak barada ylalaşandyklaryny aýtdy.

ABŞ-nyň goranmak sekretary Mark Esper Türkiýäniň hüjümlerini ilki başdaky planlaryndan has ilerletmek meýilleriniň bardygyna “çalym edýändigini” aýtdy.

Türkiýe kürtleriň ýolbaşçylygyndaky Siriýanyň Demokratik Güýçleri toparyny yza tesdirmegi maksat edinýär. Ankara bu toparyň 30 ýyl çemesi bäri Türkiýede kürt awtonomiýasy üçin göreşýän Kürdistanyň Işçiler Partiýasynyň bir bölegidigini öňe sürýär.

Esperiň maglumatyna görä, Siriýanyň Demokratik Güýçleri türk güýçlerine garşy ýaranlygy gurmak ugrunda Siriýanyň we Russiýanyň hökümetleri bilen gepleşikleri geçirýär.

BMG Türkiýäniň hüjümleri netijesinde 130 müň töweregi adamyň öýlerini terk etmäge mejbur galandyklaryny aýtdy.

XS
SM
MD
LG