Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aýdymçy San Jay prezident Mirziýoýewe ýüzlenip, sakgally bolany üçin, özüniň telewideniýä goýberilmeýändigini aýtdy


Aýdymçy San Jay ýurduň prezidentine öz wideoýüzlenmesinde sakgalyny syrmakçy däldigini mälim etdi.
Aýdymçy San Jay ýurduň prezidentine öz wideoýüzlenmesinde sakgalyny syrmakçy däldigini mälim etdi.

San Jay lakamy bilen tanalýan aýdymçy hem kompozitor Sanjar Jawberdiýew Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe wideo ýazgy arkaly ýüzlenip, sakgally bolany üçin, telewideniýede konsert bermäge rugsat edilmeýändigini aýtdy.

San Jay YouTube arkaly ýaýradan wideoýüzlenmesinde, hususan, şulary aýdýar:

– «Uzbekkonsertden» lisenziýa alanyma bir ýyl gowrak boldy. Bary bir bu lisenziýa bilen telewideniýede çykyş edip bilmeýän, sebäp meniň ‘sakgalym’ diýýärler. Bu ýagdaýda olar meniň konstitusiýa hukugymy depgileýärler. Sebäbi Konstitusiýada Özbegistanyň graždaniniň sakgal goýbermäge haky ýok diýlip ýazylmandyr.

Şunuň bilen birlikde, San Jay prezidente ýüzlenen wideo ýazgysynda, sakgalyny syrmak meýliniň ýokdugyny-da duýdurdy.

– Sakgalym kimedir ýaramaýan bolsa, men ondan ötünç soraýan. Ýöne men ony syrjak däl. Siz meniň bir soragyma jogap beriň – biziň geçen beýik ata-babalarymyzyň arasynda heý bir sakgalsyzy barmy? Şol beýiklerden sakgalsyz bolan biriniň adyny aýdyp beriň – diýip, aýdymçy ýüzlenýär.

41 ýaşly Sanjar Jawberdiýew köp ýyllap Orsýetde ýaşady hem işledi. 2016-njy ýylda bolsa Özbegistana dolanyp geldi. 2018-nji ýylda Şerali Juraýewiň «Kerwen gördüm» aýdymy bilen şöhrat gazandy.

Ýatlatsak, geçen ýylyň noýabrynda aýdymçy San Jay «Uzbekkonsertden» lisenziýa aljak bolanynda, öz sakgaly sebäpli kynçylyklara duçar bolandygyny aýdypdy.

Aýdymçynyň döwlet baştutanyna wideo ýüzlenmesi Özbegistanda sakgala hem hijaba garşy göreşiň başlanan döwrüne gabat geldi.

Azatlyk Radiosynyň redaksiýasy Özbegistanyň telewideniýe ýolbaşçylaryndan hem döwlet eýeçiligindäki «Uzbekkonsertiň» jogapkär wekillerinden, Sanjar Jawberdiýewiň wideo ýüzlenmesi barada kommentariýa alyp bilmedi.

Ol wideoýüzlenmä Özbegistanyň prezidentiniň metbugat-gullugy-da ähmiýet bermedi.

Material AÝ/AR-nyň Özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG