Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ wekilleri Ankara bardy, Tramp özüniň goşun çykarmak kararyny goraýar


Tramp özüniň Pens bilen Pompeo Türkiýede gowy duşuşyk geçirer diýip ynanýandygyny aýtdy. 16-njy oktýabr, 2019.
Tramp özüniň Pens bilen Pompeo Türkiýede gowy duşuşyk geçirer diýip ynanýandygyny aýtdy. 16-njy oktýabr, 2019.

ABŞ-nyň wise-prezidenti Maýk Pens we döwlet sekretary Maýk Pompeo Türkiýäniň demirgazyk Siriýa goşun girizmegi bilen baglylykda ýaraşyk tagallalarynyň çaginde Türkiýä bardy, prezident Donald Tramp bolsa bu sebitden goşun çykarmak barada gelen kararynyň yzynda durup, bu “biziň serhedimiz däl” diýdi. Şeýle-de ol “kürtleriň hem perişdä däldigini" aýtdy.

Dürli uçarlarda uçan Pens we Pompeo 17-nji oktýabrda Ankarada türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bilen duşuşyp, gepleşik geçirmekçi bolýarlar. Ýogsa Erdoganyň olar bilen duşuşmaga razy boljagy bada-bat belli hem bolmady.

Tramp özüniň Pens bilen Pompeo Türkiýede gowy duşuşyk geçirer diýip ynanýandygyny aýtdy. Demirgazyk Siriýadaky türk hüjümleriniň başlanyna bir hepde boldy we Ankara bu çäräni sebiti kürt güýçlerinden arassalamak we siriýaly bosgunlary ýerleşdirer ýaly howpsuzlyk zonasyny döretmek üçin görýändigi aýdýar.

Türkiýäniň bu çäresi Trampyň geçen hepde birden demirgazyk-gündogar Siriýada “Yslam döwleti” topary bilen söweşýän kürt güýçlerine goldaw berýän goşunlary çykarmak barada gelen kararynyň yz ýanyna gabat geldi.

Türkiýe Siriýadaky kürt güýçleriniň Kürdüstan Işçiler partiýasynyň, Türkiýede 1980-nji ýyllardan bäri partizançylyk urşuny alyp barýan PKK-nyň dowamydygyny aýdyp gelýär. Ankara, Waşington we ÝB ony bireýýäm terrorçy gurama diýip kesgitledi.

Eger-de gepleşikler başa barmasa, “biziň Türkiýäniň ykdysadyýetini çökermek üçin girizen sanksiýalarymyz, tariflerimiz we beýleki gören çärelerimiz öz işini eder” diýip, Tramp Italiýanyň prezidenti Sergio Mattarella bilen Waşingtonda beren metbugat ýygnagynda aýtdy.

Şeýle-de ol PKK “terrorçylykda has ýakasyny tanadan” we YD-a garanda “köp ugurlarda has erbet terrorçylyk howpy bolup durýar” diýdi.

Tramp kürtleriň “nähili söweşmelidigini bilýändigini” aýdyp, olaryň hem perişde däldigini ýatlatdy. “Eger siz siňe seretseňiz, olaram perişde däl” diýip, Tramp sözüniň üstüni ýetirdi.

Tramp özüniň 1 müň çemesi ABŞ esgerini demirgazyk Siriýadan başga ýerde ýerleşdirmek kararyny Birleşen Ştatlar üçin “strategiki taýdan göwher” karar hökmünde gorady we eger-de Orsýet Siriýa Türkiýe bilen konfliktde kömek etse, munuň özi üçin mesele däldigini aýtdy.

Mundan başga, 16-njy oktýabrda Tramp geçen hepde Erdogana iberen hatynyň mazmuny hem mälim boldy, ol türk kärdeşini hem pikirini üýtgetmek üçin yrmaga synandy, hem-de oňa haýbat atdy. Ol Erdogany Siriýada diňe “dürs we adamkärçilikli esasda” hereket etmäge çagyrdy.

Prezident Tramyň prezident Erdogana ýazan haty.
Prezident Tramyň prezident Erdogana ýazan haty.

9-njy oktýabrda, Türkiýäniň Siriýa goşun salmaga başlan gününde iberilen hatda Tramp öz türk kärdeşine “Bet oglan boljak bolma. Akmak bolma” diýip ýazdy.

Wekiller öýi 16-njy oktýabrdaky rezolýusiýasynda Trampyň goşun çykarmak barada gelen kararyny 354 wekiliň, şol sanda Trampyň Respublakan partiýasyndan 129 wekiliň goldamagynda ýazgardy.

Wekiller öýüniň spikeri Nansi Pelosiniň aýtmagyna görä, bu netijeler Trampy gazaba mündürdi.

Ozalky ABŞ ýaranlary bolan kürtler ABŞ-nyň goşun çykarmasyndan soň geçen az wagt içinde demirgazyk-gündogar Siriýada Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň güýçleri we olaryň rus ýaranlary bilen umumy dil tapyşdy. Orsýet ýurduň demirgazyk böleklerine öz patrullaryny iberdi.

Şu aralykda german kansleri Angela Merkel Ankarany Siriýadaky harby hüjümini togtatmaga çagyrmak üçin ýene Türkiýä telefon etdi.

Kobaniden gaçýan kürt bosgunlary. 16-njy oktýabr, 2019.
Kobaniden gaçýan kürt bosgunlary. 16-njy oktýabr, 2019.

Merkel 17-nji oktýabrda parlamente bu hüjümiň sebitde Eýranyň we Orsýetiň roluny berkitmäge hyzmat edýändigini aýtdy.

Ol harby çäräniň “onlarça müň adamyň, olaryň arasynda çagalaryň hem gaçmagyna” sebäp bolýandygyny aýdyp, muny uly geosyýasy netijeleri bolan ynsanperwerlik dramasy hökmünde häsiýetlendirdi.

Premýer-ministr Wiktor Orban bolsa Budapeştde Wengriýanyň, eger Türkiýe Balkanlar tarapdan Ýewropa bosgunlaryň ýoluny açmak haýbatyny ýerine ýetirse, öz günorta serhedini goramak üçin “güýç ulanmaly” boljakdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG