Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Korrupsiýa derňewçileri Ukrainanyň ozalky baş prokuroryna garşy jenaýat işini açdylar


Ýuriý Lutsenko
Ýuriý Lutsenko

Korrupsiýa derňewçileri Ukrainanyň ozalky baş prokurory Ýuriý Lutsenko garşy jenaýat işini açdylar, ol ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň öz esasy syýasy bäsdeşini derňetmek üçin Kiýewe basyş görkezende turzan galmagaly bilen ilteşikli.

Milli Korrupsiýa garşy býuro 17-nji oktýabrda çap eden beýanatynda awgustyň ortasynda, Lutsenko wezipesinden çekilmezinden öň, Kiýew sudunyň derňew buýrugy esasynda,oňa garşy jenaýat işiniň açylandygyny aýtdy.

Ozaly baş prokuroryň öz wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanyp-peýdalanmandygyny derňeýän iş ABŞ-nyň Lutsenko bilen bagly üns berýän uly galmagalyna gönüden-göni baglanyşykly bolup görünmeýär.

ABŞ-nyň Wekiller öýüniň impiçment derňewini açmagyna getiren galmagal Trampyň ukrain prezidenti Wladimir Zelenskä Burisma Holdings diýilýän ukrain energiýa kompaniýasyny derňemek üçin basyş görkezip-görkezmändigini anyklamak bilen bagly.

Ozalky wise-prezident Joe Baýdeniň ogly Hanter Baýden bu kompaniýanyň direktorlar geňeşiniň agzasy bolupdy. Bu kompaniýa we onuň eýesi, baý ukrain biznesmeni geçmişde birnäçe salgyt we jenaýat derňewiniň obýekti boldy.

Lutsenko şu ýyl prezident Trampyň aklawçysy Rudi Juliani bilen azyndan iki gezek duşuşdy.

XS
SM
MD
LG