Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Garyplyk sadaka soramaga mejbur etdi"


Aýal çagalary bilen metjidiň öňünde oturyp, sadaka soraýar. Şymkent. Oktýabr. 2019.
Aýal çagalary bilen metjidiň öňünde oturyp, sadaka soraýar. Şymkent. Oktýabr. 2019.

Dünýä jemgyýetçiligi 17-nji oktýabrda garyplygy ýok etmegiň Halkara gününi belledi. Resmi maglumata görä, Gazagystanda iki million adam gedaýlyk çäginde ýaşaýar. Olaryň arasynda garyplyk hem işsizlik zerarly dilegçilik etmäge mejbur bolýanlary hem bar. Azatlygyň habarçysy Şymkent şäheriniň köçelerinde gedaýlyk edýänler bilen gürrüňdeş boldy.

KÖP ÇAGALY DILEGÇI

Şymkent şäheriniň Ordabasy meýdançasyndaky Kattani metjidiniň alnynda ak geýnen, başy ak ýaglykly göwreli aýal sadaka sorap otyr. Geçip barýanlar onuň okarasyna pul oklaýarlar. Ol sadaka berene “kabul bolsun” aýdyp, iki aýasyny ýüzüne sylyp, onuň okan namazynyň kabul bolmagyny dileýär. Aýalyň ýanynda dört hem bäş ýaşly iki gyzy oýnap otyr.

Türkistan oblastynyň Tölebi raýonynyň 34 ýaly ýaşaýjysy Aýgül Ýermekbaýewa (ady üýtgedilip alyndy – Red.) gedaýçylyga mundan ýedi aý öň başlapdyr. “Bu meniň «kesbi-kärime» öwrüldi” diýip, ol aýdýar. Adamsy ony obadan öz ulagy bilen günortana ýakyn bu ýere getirip, ýassy namazyndan soňra-da alyp gidýän eken.

Aýgül Ýermekbaýewa sadakadan toplanan ownuk şaýylary sanaýar. Şymkent. Oktýabr. 2019.
Aýgül Ýermekbaýewa sadakadan toplanan ownuk şaýylary sanaýar. Şymkent. Oktýabr. 2019.

Aýgülüň aýtmagyna görä, olaryň maşgalasy 14 baş, onuň özi, adamsy, gaýyn enesi hem özünden 6 çaga, äriniň ikinji aýalyndan galan bäş çaga. Aýgül çagalary üçin 42 müň teňge kömek puly aýlandygyny aýdýar. Onuň äri mundan birnäçe ýyl öň ýol heläkçiligine uçrap, saglygyny ýitiripdir, indi ol işe ukypsyz. Maşgaladaky uly çagalaryň hiç birinde, bilim hem, hünärem ýok.

Aýgülüň uly ogly 9-njy synpda okaýar, iň kiçi iki sany ekizler, ýagny dört çaga bolsa 2 ýaşynda. Adamsynyň ikinji aýaly bäş çagasyny taşlap gidipdir, onuň çagalary çagalar bagyna gatnaýar.

Aýgül obada öý-jaýlarynyň bardygyny aýdýar, olar az-owlak towuk hem öý mallaryny saklaýarlar. Ýöne bu maşgalanyň iýjegine ýetmeýär, şonuň üçin Aýgül dilegçilik etmäge mejbur bolýar.

— Men dört kiçi çaga bilen öýde oturanymda, oba dükanyna karza batdyk. Men entegem dükana girew goýan dokumentlerimi yzyna alyp bilemok. Tygşytlap toplanja pulumyza kömür aldyk. Bizde bolan bu eşikleriň ählisini metjit berdi. Maňa iýer ýaly zatlary satyn almak, güýz eşigi, çagalaryma mekdep eginbaşy gerek. Şu ýerde dilegçilik edip oturanymda, öz obadaşlarymy görsem, namysdan ölesim gelýär. Ýöne namys bolsa-da nädeýin? Çykalga ýok, pulumyz ýetenok, şonuň üçin dilegçilik edýän – diýip. Aýgül aýdýar.

Aýgül Ýermekbaýewa ýarylan elini görkezýär. Şymkent. Oktýabr. 2019.
Aýgül Ýermekbaýewa ýarylan elini görkezýär. Şymkent. Oktýabr. 2019.

Aýgül metjide girip-çykýan adamlaryň beren puluny alyp, galyň geýimlerini salan torbasyna dykýar. Ol bu ýere günaşa gelýändigini aýdýar. Kä günler gaty az sadaka düşýär, 10-15 müň teňge toplaýan günleri-de bolýandygyny aýdýar.

DILEGÇILIK BILEN KREDITINI ÜZÝÄN PENSIONER AÝAL

69 ýaşly Şyryn Şagyrbaýewa Aýgülüň garşysynda oturyp, sadaka soraýar. Onuň dört gyzy hem bir ogly bar. Gözündäki äýnegini mydama süpürip oturan ol aýalyň öňünde köne sellofan paket dur. Ýel götermez ýaly, onuň içine daş salypdyr, paketdäki pul köp däl.

Sadaka dileýän 69 ýaşly Şyryn Şagyrbaýewa. Şymkent. Oktýabr. 2019.
Sadaka dileýän 69 ýaşly Şyryn Şagyrbaýewa. Şymkent. Oktýabr. 2019.

Şyrynyň sözüne görä, äri ölenden soň, ýaşaýan jaýyny girewe goýup, bankdan kredit alypdyr, ýöne ony üzüp bilmändir. Aýda alýan 60 müň teňge pensiýasyndan, 45 müň teňge kreditiň aýlyk tölegine berensoň, galan pul onuň gündelik iýjegine ýetmeýär. Sadakadan ýygnan pula ol iýjek nanyny alýar.

«Beýdip oturaryn diýip, kim pikir edipdir? Adamym diri bolsa, men bu güne düşermidim? – pensioner aglaýar. Birsellemden: - Başymda tünegim-ä bar» diýip, Alla Tagala şükürler edip özüni köşeşdirýär.

— Ahyr ýaşymda gedaý boldum. Käte çagalarymy dürüs terbiýeläp bilmänim üçin, özüme gargaýan. Olar üçin ýeterlik alada etmedim. Ýetmezlik zerarly ýeke oglumy öýerip bilmedim, ol indi kyrka ýetdi. Pul ýetmedik wagtynda, käte bazardaky hajathanany arassalaýan. Daşym abadam bolsa, içim ýanyp duran tütün. Nädeýin men? Ol kredit meni ýakdy – diýip, pensioner aýdýar.

Şyryn Şagyrbaýewa öz wagtynda oblast keselhanasynyň metodisti bolup işläpdir, onuň banka bir million 800 müň teňge bergisi bar. Ol başy dik bolup dursa, geljek ýedi ýylda bank bilen hasaplaşjagyna umyt edýär.

«Kreditimi ýapmaga adam tapylsa, men bu ýerde ýeke günem oturmazdym» diýýär.

«ÝOKLUK DILEGÇILIGE MEJBUR ETDI»

Şimkentde sadaka soraýanlar diňe metjidiň öňünde däl, awtobusyň içinde, ýol aşagyndaky geçelgelerde, käbiri Kurhany sesli okap, käbiri ýaş çagasyny göterip gedaýlyk edýärler.

Bäş ýaşly çagasyny ýylyja geýindirip gujagyna alan Nezire (ady üýtgedilip alyndy – Red.) Kunşygys etrapçasyndaky Ryskulow köçesiniň ýerasty geçelgesinde sadaka diläp otyr. Onuň sözüne görä, Daşkentden bu ýere iş gözläp gelipdir. Ol bu ýerde ir sagat sekizden günortana çenli oturýan eken.

Nezire bäş ýaşly ogly bilen sadaka diläp otyr. Şymkent. Oktýabr. 2019.
Nezire bäş ýaşly ogly bilen sadaka diläp otyr. Şymkent. Oktýabr. 2019.

Neziräniň dört çagasyndan üçüsi mekdepde okaýar, uly gyzy 12 ýaşynda. Aýalyň aýtmagyna görä, onuň maşgalasy Şimkentde aýyna 15 müň teňge töläp, kireýine jaýda ýaşaýar. Onuň äriniň supermarketde ýükçi bolup gazanýany 40 teňge, ol pul bularyň ýaşamagyna ýetenok. Nezire owal başda naharhanada gap-gaç ýuwujy bolup işläpdir, hojaýyn oňa gününe müň teňge töläpdir.

— Iki bolup gazanýan pulumyz iýmäge ýetmedi. Biz gaty zerura düşdük, şonuň üçin men dilegçilik etmäge mejbur boldum. Günde iki-üç müň teňge düşýär, o pula men iýjegimizi alýan. Gün görmek üçin men gedaýa öwrüldim – diýip, aýal başyny sallaýar.

«ÇAGALARYNY SADAKA SORAMAGA MEJBUR EDÝÄNLEREM BAR»

Şimkentdäki «Sana Sezim» jemgyýetçilik birleşiginiň wekili Rauşan Hudaýşukurowanyň sözüne görä, sadaka soraýanlaryň arasynda muny aňsat eklenç hasap edýänlerem duşýar.

— Käte işlemäge ukyply, eli hünärli adamlaryň hem gedaýlyga gidýänleri bar. Gynansak-da, olar dilegçilik etmegi gazanjyň aňsat usuly saýýarlar – diýip, ol aýdýar.

Rauşan Hudaýşukurowanyň gürrüňine görä, öz çagasyny sadaka dilemäge mejbur edýänlerem duşýar. Aýratynam juma günleri köpçülik ýerlerinde gol serip ýören çagalar bar. Jemgyýetçilik guramasynyň wekiliniň sözüne görä, mejbury sadaka dileýänleriň köpüsi adam söwdasyny edýänleriň pidasy bolmaly.

«Olar gazanç üçin öz çagalaryny mejbur edýärler. Çagalary dilegçilige mejbur etmek kanun tarapyndan gadagan» diýip, Rauşan Hudaýşukurowa düşündirýär.

Şimkent şäheriniň polisiýa departamentiniň metbugat-wekiliniň maglumatyna görä, ýylyň başyndan bäri çagasyny dilegçilige mejbur eden 13 adam administratiw jogapkärçilige çekilipdir, 23 adam bolsa Gazagystandan çykarylypdyr.

Resmi maglumata görä, Gazagystanda iki million adam gedaýlyk çäginde ýaşaýar. Zähmet we milleti sosial taýdan goramak ministri Biržan Nurymbetowyň aýtmagyna görä, şu ýylyň geçen dokuz aýynyň dowamynda 417 müň maşgala ýa-da iki million 138 müň adama aýratyn sosial ýardam berlipdir. Ýöne käbir ekspertler kömege mätäçleriň sanynyň mundan has köpdügini aýdýarlar.

Material AÝ/AR-nyň Gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG