Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çiliniň beýleki möhüm şäherlerinde-de adatdan daşary ýagdaý yglan edildi


Santiagoda protestçiler polisiýa bilen çaknyşýar. 20-nji oktýabr, 2019 ý.

Çilide talawçylaryň paýtagt Santiagonyň golaýyndaky tikinçilik fabrikasyny otlamagy netijesinde bäş adam öldi.

Çilide nyrhlaryň artmagy we sosial deňsizlik sebäpli tertip üç gün bäri tolgunmalar dowam edýär.

Protest tolkunlarynyň başlanmagyndan bäri ýedi adam öldi.

Protestler sebäpli Santiagoda jemgyýetçilik transporty togtady we dükanlar ýapyldy.

Polisiýa we harbylar paýtagtdaky protestçileri dargatmak üçin göz ýaşardyjy gazy we suw toplaryny atdylar.

Ýurduň beýleki şäherlerinde protestçiler awtobuslary otladylar, metro stansiýalaryny weýran etdiler we polisiýa bilen çaknyşdylar.

Santiagoda we käbir beýleki möhüm şäherlerde adatdan daşary ýagdaý yglan edildi. Bu resmilere adamlaryň hereket azatlygyny we ýygnanyşmak hukukyny çäklendirmäge mümkinçilik berýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG