Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Gyrgyzystandaky korrupsiýanyň derejesi milli howpsuzlyga wehim salýar"


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Gyrgyzystanyň jemgyýetçilik wekilleri ýurtda korrupsiýanyň häzirki derejesinden howsala galyp, munuň milli howpsuzlyga wehim salýandygyny aýdýarlar.

Hususan-da, olaryň göz öňünde tutýany şeýle ýagdaý; köp mukdarda para alyp tutulanlar özüne berlen uzak möhletleýin türme tussaglygyny, ýokary derejedäki sud edarlaryna apelliasiýa berip, jeza möhletini jerime tölemek bilen çalyşýarlar hem soňra azatlyga çykýarlar.

«Manas» aeroportunyň Bişkek bölüminiň öňki direktory Mirlan Begaliýew 2014-nji ýylda 5 million dollary ýurtdan çykarmakda şübhe bildirilip iş kesilenden soň, golaýda onuň öý tussaglygyna geçirilendigi mälim boldy.

Bişkek şäheriniň 1-nji Maý raýon sudy 2-nji oktýabrda şeýle karar çykarypdyr. Gyrgyzystan respublikasynyň Ýokary sudunyň maglumatyna görä, Mirlan Begaliýew 30-njy noýabra çenli öý tussaglygynda galar.

Mundan başga-da, ine, şu golaýda ýurduň Transport hem ýollar ministriniň öňki orunbasary, köp mukdarda para alyp, 14 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen Azimkany Žusubaliýewiň tussaglyk möhleti iki ýyla gysgaldyldy.

Transport serişdelerini hem sürüjiler düzümini hasaba alýan departamentiň Bişkek şäher bölüminiň öňki başlygy, para almakda aýyplanyp, 12,5 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen Nasirbek Almamatow häzir azatlyga çykdy. Sud onuň jeza möhletini 3 million 300 müň som jerime bilen çalşyrdy.

Jeza möhletiniň gysgaldylmagy

Bişkek şäher sudy Transport hem ýollar ministriniň öňki orunbasary Azimkan Žusubaliýewe berlen 14 ýyl türme tussaglygyny 12 ýyla getirdi.

Azimkan Žusubaliýew. Azatlygyň kollažy
Azimkan Žusubaliýew. Azatlygyň kollažy

2019-njy ýylyň iýulynda Bişkek şäheriniň 1-nji Maý raýon sudy ony korrupsiýada aýyplap, 14 ýyl azatlykdan mahrum edipdi. Sud ony «Gulluk wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmak» hem «Para bermäge mejbur etmek» maddalary esasynda aýyplady.

Suduň höküminde Azimkan Žusubaliýewiň italiýa kompaniýasyny para bermäge mejbur edendigi görkezildi, derňewiň barşynda hem suduň geçýän döwründe, şaýatlaryň görkezmesi esasynda, onuň parany kimlerden we nähili ýol bilen alandygy aýan edildi.

Döwlet Howpsuzlyk komitetiniň maglumatyna görä, Azimkan Žusubaliýew 2018-nji ýylyň dekabrynda tender bäsleşigine gatnaşýan daşary ýurt kompaniýasynyň wekilinden 50 müň dollar alan wagtynda tutulypdyr.

Aklawçy Žyrgalbek Babaýewiň düşündirmegine görä, onuň goraga alan müşderisiniň işinde jenaýaty ýeňilleşdirmek mümkinçiligi bolup, Bişkek şäher sudy höküm çykaranda, şol ýagdaýy nazara alypdyr.

– Şu iş boýunça jenaýat işi açylmazdan öň kanun gaty gödek bozulypdyr. Munuň özi aslynda gurnalan jenaýata meňzeýär. Sebäbi Täjigistanyň bir graždanini birdenkä, sen-men ýok, derrew arza berdi. Meniň goraga alan müşderimiň eli-de ol pula degmändir. Bu şol jenaýaty guranlaryň gapdaldan eden işi bolmaly. Munuň baryny biz şäher suduna aýtdyk. Bu ýagdaýlary nazarda tutup, sud onuň möhletini iki ýyla gysgaltdy. Ýöne men öz apellýasiýa arzamda goraga alan müşderimiň aklanmagyny soradym – diýip, aklawçy aýdýar.

Jeza möhletiniň jerimä çalşyrylmagy

Bu bolup geçen ýagdaýlardan soň, Bişkegiň şäher sudy Transport serişdelerini hem sürüjiler düzümini hasaba alýan departamentiň Bişkek şäher bölüminiň öňki başlygy, Nasirbek Almamatow babatynda görülmedik rehimdarlyk görkezdi. Öň Oktýabr sudy ony uly möçberde para alany üçin 12,5 ýyl azatlykdan mahrum eden bolsa, şäher sudy ol işe gaýtadan seredip, 3 million 300 müň som jerime bilen çalyşdy.

«Эркин-Тоо» atly döwlet gazetiniň öňki redaktory Manas Osmonyň bellemegine görä, öňki korrupsiýada aýyplanyp tussag edilenler diňe bir jeza möhletinden azat bolman, eýsem ýaňadan hökümete gelip bilerler.

Manas Osmon
Manas Osmon

– Munuň ählisiniň aňyrsynda bähbidi bar adamlar durýarlar, şonuň üçinem çinownikler jezadan gaçyp bilýärler ýa-da ony gysgaltdyrmagy başarýarlar. Korrupsiýa garşy göreş şeýle bolsa, aslynda ony geçirmegiň zerurlygy ýok. Sebäbi görülýän çäräniň häzirki ýagdaýynda 2020-2021-nji ýyllarda bu asla netije bermez. Olar diňe jerime bilen başyny gutararlar-da, ýene döwlet edarasyna dolanyp gelmäge çalşarlar. Olaryň arasyndan deputatlyk mandatyny almaga çalyşjagynyň boljagyna-da hiç kim kepil geçmez – diýip, Manas Osmon aýdýar.

Azatlyk Radiosyna mälim bolşuna görä, Bişkek şäher sudy Nasirbek Almamatowyň işine 9-njy iýulda seredipdi. 14-nji oktýabrda höküm çykarylan güni onuň suduň zalyndan azatlyga goýberilendigini şäher sudunyň metbugat-gullugy mälim etdi.

Begaliýewiň işi

«Manas» aeroportunda mundan bäş ýyl öňki bolan uly möçberdäki korrupsiýa bidüzgünçiliginiň üstüniň açylandygyny Ykdysady jenaýatçylyga garşy göreş boýunça Döwlet gullugy 1-nji oktýabrda mälim etdi. Şol maglumata laýyklykda, 2014-nji ýylda aeroportuň şol wagtky ýolbaşçysy öz bähbidi üçin, gulluk wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanyp, offşor zolakdan 5 million dollary geçiripdir.

Munuň öwezine aeroportuň ýolbaşçylary çöken kärhananyň aksiýasyny 100% satyn almak geleşigine gol çekipdir.

Mirlan Begaliýew.
Mirlan Begaliýew.

Eýýäm 2-nji oktýabrda bolsa 1-nji Maý raýon sudy ony öý tussaglygyna goýberdi.

Kodeksdäki deşikler

Öňki harby prokuror Kubatbek Kožonaliýewiň aýtmagyna görä, adatça diňe wezipesi bolan adamlar korrupsiýa degişli jenaýata baş goşýarlar. Olaryň günäsini ýeňletmek üçin, sudýalar täze kodeksiň ‘deşikli’ ýerlerini peýdalanýar.

Kubatbek Kožonaliýew.
Kubatbek Kožonaliýew.

– Elbetde, beýle adamlaryň täsiri uly bolýar. Şonuň üçin sudýalar olara ýokary derejede çemeleşýärler. Reforma geçirilen kanun aktlary jeza çärelerini bermekde göz öňünde tutulan maksadyna ýetip bilmedi. Häzirki wagtda örän agyr, hatda howply jenaýaty edenlerem kanun aktlarynyň kämil däldiginden peýdalanyp, jezadan gutulyp bilýärler. Bu kemçilikler täze kodeksde bar. Şu kanun toplumynda şeýle pursatlar bolup, [Kylyçbek] Arpaçiýew ýaly birnäçe müň dollar para alanlar sürgüne ýa belli bir ýerdäki erkin koloniýa düşüp, ol ýerden azatlyga çykyp bilýärler. Öz wagtynda Omurbek Tekebaýew «kim gulluk wezipesine daýanyp ýa-da korrupsiýa ulaşyp jenaýat eden bolsa ýa başga bir agyr jenaýat bilen iş kesilen bolsa, onuň jeza möhleti gysgaldylmaly däl, başga bir ýeňillik bilen çalşyrylmaly däl» diýen düzgüni öňe sürüpdi. Ýöne täze kodeksde şeýle çäreler göz öňünde tutulmandyr. Indi ondan hemmeler peýdalanýana meňzeýär – diýip, öňki harby prokuror Kubatbek Kožonaliýew aýdýar.

Döwlet Howpsuzlyk komitetiniň başlygynyň öňki orunbasary Marat Imankulow korrupsiýanyň häzirki derejesiniň milli howpsuzlyga wehim salýandygyny aýdyp, muňa mysal hökmünde uly möçberde korrupsiýa jenaýatynda tussag edilenleriň jezasynyň ýeňilleşdirilmegini ýatladýar. Bilermeniň pikirine görä, munuň özi prezidentiň korrupsiýa garşy göreş syýasatyna möhüm päsgelçilik döredýär.

Marat Imankulow.
Marat Imankulow.

– Häzir bu ýagdaý ýurduň milli howpsuzlygyna ýaramaz täsir edýär. Şol bir sudýalar şeýle pula eýelik edýärler hem höküm çykarýarlar, biz korrupsiýanyň adaty aýlanyp duran pursadyny görýäris. Prezident korrupsiýa garşy göreşmeli diýip duranda, hökümetde şeýle ýagdaý dowam edýär. Bu ýagdaý ‘sen näçe ogurlasaň-da, para berip çykmaga mydama ýagdaýyň bar’ diýen pikiri döredýär – diýip, Marat Imankulow aýdýar.

Nasirbek Almamatow 2018-nji ýylyň 2-nji noýabrynda tussag edilipdi. Döwlet howpsuzlyk gullugynyň maglumatyna görä, ol Gyrgyzystanyň raýatlarynyň awtoulaglaryny hasapa aldyrmakçy bolýanlardan hem täzeden hasaba durjaklardan, şeýle hem sürüjilik mekdeplerinde ekzamen tabşyryp, sürüjilik şahadatnamasyny alýanlardan para almagyň durnukly korrupsiýa halkasyny emele getiripdir. Para alnyp duran wagtynda operatiw toparyň düşüren wideoýazgysy hem ýaýradyldy.

Ýurduň Baş prokuraturasynyň sülçüler bölüminiň öňki başlygy Kylyçbek Arpaçiýew 100 müň dollar para alany üçin, 14 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Ol öz jeza möhletini gysgaltmagy hem başga koloniýa geçmegi başardy.

Material AÝ/AR-nyň Gyrgyz gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG