Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýada içi 39 jesetli konteýner tapyldy


Polisiýa maşyny

Britan polisiýasy içinde 39 adamyň jesedi ýerleşdirilen transport konteýnerini tapdy, olary Bolgariýadan gelen ýük maşyny getirendir öýdülýär.

Britan polisiýasy 23-nji oktýabrda demirgazyk Irlandiýada 25 ýaşyndaky bir sürüjiniň olary öldürmekde güman edilip tussag edilendigini aýtdy.

38 sany uly adamyň we bir ýetginjegiň jesedi Londonyň 20 mil çemesi uzaklygyndaky Watergladde, Senagat parkynda goýlan konteýnerden tapyldy.

Polisiýa bu adamlary alyp gelen ýük maşynynyň ýurda 19-njy oktýabrda, Britaniýanyň port şäheri Holihedden gelip girendigini, olara näme bolandygyny anyklamak üçin derňew geçirilýändigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG