Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Olar türmä basarlar diýip pikir etmändim”. Siriýadan dolanan maşgalanyň takdyry


Gozgalaňçy Siriýada “Yslam döwleti” toparyndan biriniň maşgalasy bolmagy güman edilýän aýaly hem çagany ugradyp barýar.
Gozgalaňçy Siriýada “Yslam döwleti” toparyndan biriniň maşgalasy bolmagy güman edilýän aýaly hem çagany ugradyp barýar.

Gazagystanyň Türkistan oblastyndan bolan Marat Maulenowyň maşgalasy 2015-nji ýylda Siriýa gidip, söweşijilere goşulypdy. Onuň gyzy Aidany bäş ýyl azatlykdan mahrum etdiler. Prokuratura ony “Yslam döwleti” toparyny goldanlykda aýyplady. Häzir Aidanyň kiçi doganlaryndan biri türmede otyr, beýlekisi bolsa derňewde saklanýar. Ol gyzyň uly dogany hem kakasy Siriýada ýogalypdy.

MASLAHAT HEM HÖKÜM

Türkistan oblast Kazygurt raýon sudy 4-nji oktýabrda ýörite gulluklar tarapyndan Siriýadan çykarylyp, Gazagystana getirilen Aida Amangeldini «terrorizmi propagandirlemek ýa-da terror aktyny geçirmäge açyk çagyryş», «haýbat atmak», «döwlet organlarynyň ýörite gulluk işgärleriniň janyna kast etmek» aýyplamalarynda günäli tapyp, bäş ýyl azatlykdan mahrum etdi. Aida suduň çykaran höküme garşy şikaýat bermejekdigini aýtdy.

Aida Amangeldi — öňki mekdep mugallymy Marat Maulenowyň gyzy bolmaly, ol mekdep mugallymy aýalyny hem alty çagasyny alyp, 2015-nji ýylda Siriýa gidipdi. Garyndaşlarynyň aýtmagyna görä, Marat Maulenow 2017-nji ýylda Siriýada ýogalypdyr. Onuň maşgalasy «Žusan» ýörite gulluk operasiýasynyň çäginde, 2019-njy ýylyň maý aýynda Gazagystana getirildi.

Bu iş boýunça geçirilen soňky sud maslahatlaryň birinde Aida Amangeldi özüniň günälidigi boýun alyp, prosessual ylalaşyga gol çekmäge taýyndygyny aýtdy, ýöne prokuror häzirki derňewiň dowamynda beýle ylalaşygyň kanun boýunça mümkin däldigini bildirdi.

Taraplar maslahata geleninde, prokuror Ersin Altaýew “Sud edilýäniň günäsi sud derňewi wagtynda doly tassyklandy” diýdi. Onuň delosyndaky materiallaryň görkezişine görä, ol Siriýada bolanda, «telekommunikasiýa ulgamyndan peýdalanyp, terrorizmi wagyz edipdir». Kakasy Marat Maulenowyň täsirine düşen uly dogany Nurdaulet Amangeldi hem Aida beýleki maşgala agzalary bilen birlikde Siriýada terroristik gurama bolan “Yslam döwleti” toparyna goşulypdyrlar diýip, prokuror aýdýar. Aýyplamadaky görkezilen maglumatlara görä, ol garyndaşlaryny terrorçylykly gurama girmäge ündäpdir, ýene şol aýyplamada bellenmegine görä, Aida Amangeldi oba ymamyna hem milli howpsuzlyk komitetiniň wekiline hat üsti bilen haýbat atypdyr. Garalawçy Aida üçin bäş ýyl türme tussaglygyny sorady.

Sudýa Gülmira Rahimbaýewa (sagda) hem prokuror Ersin Altaýew (çepde) Aida Amangeldiniň üstünden geçirilýän sud diňlenişiginde. Gazagystan, Türkistan oblasty, 4-nji oktýabr 2019-njy ýyl.
Sudýa Gülmira Rahimbaýewa (sagda) hem prokuror Ersin Altaýew (çepde) Aida Amangeldiniň üstünden geçirilýän sud diňlenişiginde. Gazagystan, Türkistan oblasty, 4-nji oktýabr 2019-njy ýyl.

Prokuror garalaýyş aktyny okap bolanynda, sud edilýän ýuwaşja aglady. Sudýa Gülmira Rahimbaýewa söz berende, Aida Amangeldi günäsini boýun alýandygyny, «terrorizmi propaganda edenine» ökünýändigini aýdyp, «Puşman edýän, bu iş gaýtalanmaz, jeza möhletini ýeňilletmegiňizi soraýan» diýdi.

Sud edilýäniň aklawçysy Musabek Baýžarkynow Aida Amangeldiniň Siriýa öz golaýlarynyň täsiri bilen gidendigini, muňa bolsa ýürekden puşman edýändigini sudýanyň nazara almagyny sorady. Jemgyýetçilik goragçysy hem sud edilýäniň ejesi Aýgül Nysanbaýewa sudýadan, gyzynyň saglyk ýagdaýynyň gowşakdygyny nazara alyp, jeza çäresini ýeňilleşdirmegi haýyş etdi. Ahyrynda sudýa Gülmira Rahimbaýewa Aidany bäş ýyl azatlykdan mahrum etmeli diýip karar çykardy.

KAZYGURTDAN SIRIÝA BARAN MAŞGALANYŇ DURMUŞY

Siriýanyň weýran bolan şäherinden barýan aýal.
Siriýanyň weýran bolan şäherinden barýan aýal.

2015-nji ýylda öňki rus dili mugallymy Marat Maulenow Kazygurt raýonyndan tutuş maşgalasy bilen çykyp, Siriýa ugrady. Ýakyn Gündogara barandan soň beýleki söweşijiler bilen birlikde wideo ýüzlenmeleri ýazyp, Gazagystanyň hökümetiniň adyna haýbat atmaga başlady. Şonda ekspertler: «”Yslam döwleti” toparynyň propaganda maşyny öz göreş ugruny üýtgedip, Merkezi Aziýadan adamlary ele salmak isleýär: olar Merkezi Aziýanyň ilatyny maşgalalary bilen ýurtdan çykmagy ündeýär» diýdiler. 2017-nji ýylda “YD” söweşlerde ýeňlip başlady hem köp ýitgi çekdi. Diri galan aýallar hem çagalar bosgunlar üçin döredilen lagerlere düşdüler.

Marat Maulenowyň aýaly Aýgül Nysanbaýewa özleriniň Siriýada takyk haýsy sebitde bolandygyny aýtmady. Enäniň sözüne görä, uly ogly Nurdaulet Amangeldi 2016-njy ýylda uruşda ölüpdir, adamsy Marat Maulenow 2017-nji ýylda ölüpdir. Ene beýleki çagalary bilen söweş gidýän zonadan gaçypdyrlar hem kürt gozgalaňçylarynyň eline düşüpdirler. 2019-njy ýylyň maýynda «Žusan» ýörite gulluk operasiýasynyň çäginde, Gazagystana gelipdirler.

«TÜRMÄ BASARLAR DIÝIP PIKIR ETMÄNDIK»

Aýgül Nysanbaýewanyň sözüne görä, Gazagystanda onuň üç çagasyny soraga çekip, türmä basypdyrlar. Awgust aýynda Türkistan welaýatynyň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň ýöriteleşdirilen raýonara sudy onuň 2001-nji ýylda doglan ogly Dias Amangeldini «terrorizmi propagandirlemek ýa-da terror aktyny geçirmäge açyk çagyryş» aýyplamasy bilen alty ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. 1997-nji ýylda doglan Abzal Amangeldi häzir Nur-Sultandaky sorag izolýatorynda saklanýar.

— Maňa bu temadan gürrüň etmek gaty agyr. Güýjüm galmady. Abzaly ýanwardan bäri göremok. Diasy Şymkentde diňe bir gezek gördüm. Gyzymy-da basdylar. Meniň çagalarymy tutanlarynda, olary nämede günäleýäňiz diýip soramaga-da güýjüm galmady. Gorkdum. Olardan galan iki çagany Çagalar öýüne tabşyrmadyklaryna, meni-de suda çekmediklerine şükür edýän – diýip, Aýgül Nysanbaýewa aýdýar.

Onuň sözüne görä, Gazagystana gelenlerinden soň, gyzy Aida Amangeldini «Siriýada jihada çagyrandygy» üçin tussag edipdirler. Aida Siriýada durmuşa çykyp, iki çaga dogrupdyr, ýöne onuň kiçisi ýedi aýlyk wagtynda ýogalypdyr.

— Gaty howply ýagdaýy başdan geçirdik. 2017-nji ýyldan başlap, bir ýarym ýylyň dowamynda, ýagny biz Siriýa gelenimizden soňra yzymyza gaýtmak isledik. Ýöne Gazagystan bizi kabul etmez diýdik, her kim bize barmagyny çommaldyp, biziň ýalňyşymyzy mydama ýatladyp durarlar diýdik. Şol gorky bilen iki ýyl ýaşadyk. Ol ýerden nädip çykjagymyzy-da bilmedik. Ol ýerden özbaşdak çykyp gaçmak islänleriň köpüsi minanyň üstünden baryp, partlamada öldüler. Bizi Siriýadaky kürtleriň eline berenlerinde, uly oglumy saklap galdylar. Ony türmede sakladylar. Gazagystana gaýdýançak, gyzym bilen iki çagam meniň ýanymda boldy – diýip, Aýgül Nysanbaýewa gürrüň berýär.

Siriýadan hem Yrakdan Gazagystana getirilen aýallar Garagandadaky adaptasiýa merkezinde. Illýustrasiýa suraty.
Siriýadan hem Yrakdan Gazagystana getirilen aýallar Garagandadaky adaptasiýa merkezinde. Illýustrasiýa suraty.

Siriýadan Gazagystana gelenlerinde özleriniň «tussag ediljegini» bilmeýändiklerini ene aýdýar.

— Biz öz ýurdumyza – dogduk topragymyza adam şekilli ýaşamak maksady bilen dolandyk. Häzir meniň ýanymda iki ýaş çaga galdy; bäş ýaşly oglum öýde, on iki ýaşly oglumyz mekdebe gatnaýar. Men ýadadym. Göwnüme bolmasa, Siriýadan dolananymyz üçin barysy meni günäleýän ýaly duýulýar. Men gaýdanymyz üçin günämiň geçilmegini diledim. Men rehimli bolmagy dileg etdim. Başga men näme edeýin? – diýip, ene gözýaş bilen düşündirýär.

Aýgül Nysanbaýewanyň sözüne görä, olary tora düşürijiler adamsyna maşgalasy bilen gelmegi ündäpdirler.

Ýakyn hossarlarynyň heläkçiligine Marat Maulenowyň kiçi dogany gaty gynanýar.

— Marat Siriýa gidip ýalňyş etdi, ol meniň ýeke doganymdy. Biz maşgalamyz bilen olaryň ýagdaýyna gynanýas. Bize gaty agyr boldy. Meniň doganymyň üç çagasyny yzly-yzyna sud etdiler. Her suddan soň agamyň aýaly zordan diri galýar. Onuň ruhy ýarasy bitenok. Ýöne başga çykalga ýok, biz barysyna kaýyl bolýas.

2018-nji ýylyň iýulynda Gazagystanyň milli howpsuzlyk komitetinde, Ýakyn Gündogarda uruş başlanaly bäri Siriýa hem Yraga Gazagystanyň 800 çemesi graždanyň gidendigi mälim edildi. 2019-njy ýylda «Žusan» ýörite operasiýasynyň çäginde, Gazagystanyň hökümeti Ýakyn Gündogardan 516 adamy, şol sanda 360 çagany ýurda getirdi. Siriýadan dolanyp gelenlerden birnäçesiniň garşysyna jenaýat işi gozgaldy.

Material AÝ/AR-nyň Gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG