Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Türkmenistana medeni mirasy dikeltmek üçin ýene grant berdi


ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Metýu Klimou türkmen mirasy üçin 150 müň dollar möçberinde grant berdi.
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Metýu Klimou türkmen mirasy üçin 150 müň dollar möçberinde grant berdi.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Metýu Klimou 21-nji oktýabrda “Ilçiniň medeni mirasy gorap saklamak fondy” (AFCP) programmasynyň çäginde Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygarlikleri gorap saklamak, öwrenmek we rejelemek boýunça milli edarasyna $150 müň möçberinde grant berdi.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň maglumatyna görä, grant gadymy Ýüpek ýolunyň boýundaky Daýahatyn kerwensaraýyny dikeltmek we gorap saklamak baradaky taslamanyň üçünji tapgyryny maliýeleşdirmäge gönükdiriler.

AFCP 2001-nji ýyldan bäri ýurtda umumy bahasy $1,6 milliondan gowrak serişdä duran 26 taslamany maliýeleşdirdi.

Şeýlelikde, Türkmenistan beýleki ýurtlara garanda medeni mirasy gorap saklamak üçin iň köp grant alan ýurt boldy.

XS
SM
MD
LG