Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ wekili Zalmaý Halilzad owgan liderleri bilen gepleşmek üçin Kabula geldi


ABŞ wekili Zalmaý Halilzad
ABŞ wekili Zalmaý Halilzad

ABŞ wekili Zalmaý Halilzad owgan liderleri bilen gepleşmek üçin Kabula geldi, bu onuň ABŞ prezidenti Donald Tramp “Talyban” bilen Amerikanyň iň uzaga çeken urşuny soňlamaga gönükdirilen gepleşikleri bes edeli bäri edýän ilkinji saparydyr.

Halilzadyň 27-nji oktýabrdaky sapary parahatçylyk tagallalaryny täzeden başalamak üçin edilen birnäçe duşuşygyň, şol sanda şu aýyň başynda “Talyban” bilen Pakistanda geçirilen duşuşygyň yzyndan amala aşyrylýar.

Halilzadyň prezident Aşraf Gani bilen gysga wagtlyk duşuşygyna we indiki saparlarynda baş ýerine ýetiriji ofiser Abdulla Abdulla bilen duşuşmagyna garaşylýar.

Birleşen Ştatlar, BMG, ÝB we ýene bäş sany ýewropa döwleti 22-nji oktýabrda bilelikde jarnama çap edip, özleriniň Owganystanda “daýanykly parahatçylyk şertnamasynyň" baglaşylmagyna ygrarly bolup galýandyklaryny gaýtadan tassyk etdiler.

XS
SM
MD
LG