Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amnesty International özbek bloggeriniň boşadylmagy üçin kampaniýa başlatdy


Nafosat Olloşukurowa
Nafosat Olloşukurowa

Amnesty International guramasy geçen aýdan bäri ruhy näsaglaryň keselhanasynda saklanýan özbek bloggeri Nafosat Olloşukurowanyň boşadylmagy üçin kampaniýa başlatdy.

Halkara günä geçiş guramasy özüniň 28-nji oktýabrda ýaýradan beýanatynda öz aktiwistleriniň we tarapdarlarynyň Olloşukurowanyň derhal boşadylmagy we mejbury saglyk bejergisiniň bes edilmegi üçin özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýewe çagyryş etjekdigini aýtdy.

30-njy sentýabrda Özbegistanyň Horezm regionynyň sudy iki ýaş çaganyň ejesi Olloşukurowanyň ruhy näsaglaryň hassahanasyna ýerleşdirilmelidigi barada karar çykardy. Şonda ol özbek bloggeri we şahyry Mahmud Rajabyň höküm edilmegine protest bildirmek maksady bilen, rugsat berilmedik ýörişe gatnaşandygy üçin 10 günlük administratiw tussaglykda saklanýardy.

Olloşukurowa Facebook sosial ulgamynda 4000-den gowrak agzasy bolan sahypany dolandyrýar. Bu sahypada ol aýallaryň hukuklary we, onuň sözlerine görä, ýerli häkimiýetleriň arasyndaky korrupsiýa barada mesele gozgaýar.

Mundan ozal, Olloşukurowanyň kakasy Boltaboý Olloşukurow Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda iňlis dili mugallymy bolan gyzynyň hiç haçan ruhy näsazlykdan ejir çekmändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG