Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda köpçülikleýin amnistiýa esasynda tussaglaryň birinji topary azatlyga goýberildi


Duşenbedäki türmäniň öňünde tussaglaryň boşadylmagyna garaşyp duran adamlar. 28-nji oktýabr, 2019 ý.

Täjigistanda geçen hepde yglan edilen köpçülikleýin amnistiýanyň 29-njy oktýabrda güýje girmegi bilen, tussaglaryň birinji topary azatlyga goýberildi.

Geçen hepdäniň ahyrynda 2000 çemesi bendi, şol sanda “Internetde çap edilen ekstremist maglumatlary halandyklary” üçin türme tussaglygyna höküm edilen adamlar, şol sanda 165 sany aýal we 18 ýaşyna ýetmedik 60 çemesi ýetginjek türmeden boşadyldy.

Täjigistanyň konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 25 ýyllygyna gabatlanýan köpçülikleýin amnistiýa baradaky kanun taslamasy ýurduň kanunçykaryjylary tarapyndan kabul edildi. 25-nji oktýabrda oňa prezident Emomali Rahmon tarapyndan gol goýuldy.

Bu bendileriň sany boýunça Täjigistanyň taryhyndaky iň uly amnistiýadyr.

Kanun taslamasyna laýyklykda, 31-nji dekabrdan öň 3 müňden gowrak tussag türmeden boşadylar we türme möhleti berilmedik adamlaryň 5 müňden gowragynyň günäsi geçiler.

Şeýle-de, 2 müňden gowrak güman edilýäniň derňewi bes ediler, 10 müň çemesi tussagyň bolsa türme möhletleri azaldylar.

Agyr jenaýat üçin iş kesilen we 12 ýyldan gowrak türmede bolan aýallar , ýaşy 70-den geçen tussaglaryň aglabasy, daşary ýurtly tussaglaryň bolsa ählisi türmeden boşadylar diýlip, kanun taslamasynda aýdylýar.

Ömürlik tussaglar we ozal günäsi geçilip, gaýtadan jenaýat eden tussaglar, türme möhletini berjaý edýän wagtynda jenaýat eden tussaglar, yzygiderli türme düzgünlerini bozýan tussaglar günä geçişe düşürilmez.

Täjigistan 1991-nji ýylda garaşsyzlygyny gazanaly bäri ýurtda 15 gezek köpçülikleýin günä geçiş geçirildi. Amnistiýalar syýasy sebäpler esasynda türmä basylanlara degişli bolmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG