Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda müňlerçe tussag amnistiýa bilen azatlyga çykdy


Adamlar amnistiýadan soň türmeden boşadyljak hossarlaryna garaşýarlar. Duşenbe, 28-nji oktýabr, 2019 ý.
Adamlar amnistiýadan soň türmeden boşadyljak hossarlaryna garaşýarlar. Duşenbe, 28-nji oktýabr, 2019 ý.

Duşenbedäki № 4 tussaglar koloniýasyndan 558 adam amnistiýa bilen azatlyga goýberildi. Hökümetleriň maglumatyna görä, geçen iki günüň dowamynda iki müňe golaý tussag azatlyga çykypdyr, olardan 165 sanysy aýal.

Şeýlelikde, Täjigistanda amnistiýa düşen tussaglaryň ilkinji tapgyry azatlyga çykdy. Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 25 ýyllygy mynasybetli Täjigistanyň parlamenti «Amnistiýa hakynda» kanuny kabul edenden soň, tussaglary azatlyga goýbermek 27-nji oktýabrdan başlandy.

Ilki bilen Hatlon welaýatyndaky Ýawan obasynda ýerleşýän koloniýadan 1060-dan gowrak tussag, Nurek şäherindäki aýallar koloniýasyndan, şeýle hem kämillik ýaşyna ýetmedikleriň düzediş koloniýasyndan, Duşenbedäki ýörite türmeden tussaglar azatlyga çykdylar. Olaryň arasynda 165 aýal hem kämillik ýaşyna ýetmedik 60 ýetginjek bar.

Jenaýat jezalaryny ýerine ýetiriji Baş edaranyň ýolbaşçysy hem-de ýurduň Adalat ministriniň orunbasary Mansurjon Umarow žurnalistlere hem amnistiýa bolanlaryň hossarlaryna № 4 koloniýadan 28-nji oktýabrda 558 tussagyň öýüne goýberilýändigini aýtdy. “Amnistiýa düşen beýleki koloniýalardaky tussaglar dokumentleri ikinji gezek barlanandan soň, ýakyn günlerde azatlyga çykarlar” diýip, ol garaşyp duranlary köşeşdirdi.

Amnistiýa bilen türmeden boşan täjik tussaglary. Duşenbe, 28-nji oktýabr, 2019 ý.
Amnistiýa bilen türmeden boşan täjik tussaglary. Duşenbe, 28-nji oktýabr, 2019 ý.

Azatlyga çykanlaryň biri Azam Şaripow iki ýyl türmede oturandygyny, şol wagtyň dowamynda hemişe azatlyga çykmagy arzuw edendigini aýdýar. “Bu şeýle bir duýgy, ony söz bilen düşündirmek kyn. Azatlyk, öz ýakynlaryň bilen görüşmek, tanyşlaryňy bagryňa basmak. Azatlyk güni çaltrak ýakyn gelsin diýip, men her gün dileg etdim” diýip, ol aýdýar.

Azamyň sözüne görä, ony mundan iki ýyl öň ekstremizm bilen günäläp, 5 ýyl azatlykdan mahrum edipdirler. Onuň bilen birlikde azatlyga çykanlaryň köpüsi ekstremistik häsiýetdäki jenaýatda aýyplanyp, dürli möhlet bilen türmä basylanlar.

28-nji oktýabrda täjik blogeri Çunaýdullo Hudoýorow hem azatlyga çykdy. Ol yslamdaky sünni mezhebiniň salafiýa ugruny propaganda etmekde aýyplanyp tussag edilipdi. Täjigistanda fundamental salafiýa gadagan edilýär. 2018-nji ýylyň 31-nji awgustynda ol bloger 5 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Onuň günälenmeginde «Одноклассник» ulgamynda şertli «eger» sözüni gaýtalap ulanmagy sebäp bolupdy, «eger sen ‚eger‘ sözüni berjaý etseň, özüňe salafi saýyp bilersiň» şekilinde çykyş edipdi.

Çunaýdullo Hudoýorow hem onuň hossarlary tussaglyga sebäp 2017-nji ýylyň güýzünde öz Facebook sahypasynda ýerli çinownikleri yzygiderli tankytlan makalalary boldy diýip, birnäçe gezek aýtdylar.

Amnistiýadan soň öz hossarlaryna garaşyp, türmäniň agzyna jemlenen jemagat. Duşenbe, 28-nji oktýabr, 2019 ý.
Amnistiýadan soň öz hossarlaryna garaşyp, türmäniň agzyna jemlenen jemagat. Duşenbe, 28-nji oktýabr, 2019 ý.

Amnistiýa bolanlaryň arasynda öz günälerini boýun alýanlary-da az däl, olar «Biz bu jezany gazandyk» diýýärler. 22 ýaşly Muhammadýusuf Nazirow özüni şeýle saýýanlardan biri, ol awtoulag ogurlygy bilen türmä düşüpdir. “Hawa, men jenaýat etdim, jezamy-da aldym. Barysy adalata görä boldy” diýip, Azatlyk Radiosynyň täjik gullugy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Türmäniň gapysyna ýygnananlaryň arasynda, öz hossarlaryny görüp bilmedikleri-de bar. Türmede oturanlardan biriniň ejesi Melika Namazowa oglunyň 5 ýyl möhlet bilen basylandygyny aýtdy. “Ol iki ýylyny oturdy, ýöne amnistiýa düşürmediler. Biz hatda onuň üç gezek operasiýa edilendigi barada sprawka hem taýýarlap berdik. Ýöne goýbermediler” diýip, ol ene aýdýar.

Amnistiýa bilen azatlyga çykanlaryň köpüsiniň ertirki gün barada takyk plany ýok. Esasy maksat özüňi hem maşgalaňy eklär ýaly iş tapmaly diýýärler. «Amnistiýa hakyndaky» kanuna laýyklykda, azatlyga çykanlary hökümet hökmany suratda iş bilen üpjün etmeli.

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon. Duşenbe, 2018-nji ýylyň 9-njy martynda düşürilen surat.
Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon. Duşenbe, 2018-nji ýylyň 9-njy martynda düşürilen surat.

25-nji oktýabrda Täjigistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 25 ýyllygyna gabatlanyp, köpçülikleýin «Amnistiýa hakynda» kanuny parlament tassyklanyndan soň, prezident Emomali Rahmon oňa gol goýdy. Kanun şübhe bildirilip, häzir tussaglykda saklanýan, günäli saýylyp iş kesilen hem türmede jeza möhletini çekýän 20 müňden gowrak adama degişli bolar. Şol sanda düzediş işlerine mejbur edilen 4,5 müň adam hem amnistiýa düşer. Kanun aktyna görä, türmede öz jezasyny çekýän ýedi müňden gowak adam azatlyga goýberiler.

55 ýaşdan uly bolan erkekler, maýyplar, agyr kesele uçranlar, 2-nji Jahan urşuna gatnaşanlar, şonuň bilen deň derejede beýleki ýurtlaryň çägindäki uruşlara gatnaşanlar, Çernobyl atom elektrik stansiýasynyň heläkçiligini aýyrmaga gatnaşanlar jogapkärçilikden boşadylýar. 8800-den gowrak tussagyň bolsa türme möhleti azaldylar.

Hökümetler adam öldürmek günäsi bilen iş kesilenleriň, terrorizme hem ekstremizme gatnaşanlaryň ýa-da «konstitusiýa gurluşyna we döwlet howpsuzlygyna» garşy çykanlaryň günäsi geçilmez. Kanunyň kommentariýasynda bellenmegine görä, «Amnistiýa hakyndaky» kanun ömürlik tussaglyga höküm edilenlere, ölüme höküm edilenlere, ozal günäsi geçilip, gaýtadan jenaýat eden tussaglara, şeýle hem türme möhletini berjaý edýän wagtynda jenaýat eden tussaglara we koloniýadan berk türme düzgünine geçirilenlere degişli bolmaz.

Häzirlikçe ynsan hukuklaryny goraýjylar tarapyndan «wyždan ýesirleri» diýilýänlere bu amnistiýanyň degişli boljak-bolmajagy belli däl. Täjigistanyň resmileri her hili ýol bilen ýurtda syýasy tussagyň bardygyny ret edýärler. Olaryň sözüne görä, halkara guramalaryň ‘syýasy tussaglar’ diýýänleri jenaýat işi üçin jeza çekýärler.

Mundan öňki amnistiýa 2016-njy ýylda, Täjigistanyň garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna gabatlanyp geçirilipdi. Şonda 12 müňden gowrak adam azatlyga goýberildi.

Material AÝ/AR-nyň Täjik gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG