Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW owgan harby düzümleriniň bikanun adam öldürmeginiň we beýleki eden-etdilikleriniň derňelmegine çagyrýar


Patricia Gossman
Patricia Gossman

Adam hukuklaryny goraýan Human Rights Watch (HRW) guramasy CIA, ABŞ-nyň Merkezi Aňtaw agentligi tarapyndan goldanylýan owgan harby düzümleriniň hiç bir hasabat bermezden “eden-etdilikli adam öldürmeklige we beýleki zalymlyklara”, şol sanda sud etmezden jezalandyryp öldürmek, mejbury ýitirim etmek, saglyk edaralaryna hüjüm etmek ýaly işlere baş goşandygyny aýdýar.

HRW-nyň 31-nji oktýabrda çap eden hasabatynda owgan hökümetiniň hökümete tarapdar harbylaşdyrylan toparlary, “adaty harby komanda düzümlerinden” daşardaky ýaragly güýçleri derhal ýatyrmagy barada çagyryş edilýär.

Şeýle-de hasabat owgan hökümetini “owgan howpsuzlyk güýçleriniň edenidigi aýdylýan eden-etdiliklerini bitarap derňemäge” we “uruş jenaýatlarynda we düýpli düzgün bozmalarda günäkär bolanlary jogapkärçilige çekmäge” çagyrýar.

Mundan başga, hasabatda Birleşen Ştatlaryň we owgan hökümetiniň “uruş jenaýatlary we beýleki hukuk bozulmalary barada aýdylýanlary garaşsyz ýagdaýda derňemek işinde hyzmatdaşlyk etmelidigi”, ABŞ hökümetiniň eden-etdilikler bilen baglanyşygy bolan “ABŞ işgärlerini derňemelidigi”, “düýpli kanun bozmalarda jogapkär bolan owgan güýçlerine goldawy bes etmelidigi”aýdylýar.

HRW 2017-nji ýylyň aýagyndan 2019-njy ýylyň ortasyna çenli aralykda CIA tarapyndan goldanylýan “zarba toparlarynyň” gijeki reýdler mahalynda ýol berlen düýpli eden-etdilikleri boýunça 14 işi dokumentleşdirdi.

Mysal üçin, Pakitia welaýatynda Eýd baýramçylyklary mahalynda harbylaşdyrylan toparyň geçiren reýdinde 11 adam, şol sanda baýram mynasybetli öýlerine gelen 8 adam öldürilýär. Käbir ýagdaýlara goşunlar erkekleri tussag edip, olaryň maşgalalaryna tutulanlaryň nirede saklanylýandygyny hem aýtmandyrlar.

ABŞ-nyň Merkezi aňtaw gullugy adam hukuklaryny goraýan HRW guramasynyň hasabatyny doly kabul etmän,owgan ýörite güýçleriniň garşysyna bildirilýän aýyplamalaryň köpüsiniň “galplaşdyrylana ýa-da çişirilene meňzeýändigini” aýtdy.

"Talybanyň” garşysyna gurnalan operasiýalary ýaýbaňlandyrmak bilen, kemsidiji owgan güýçleriniň zalymlyk etmegine, şol sanda sud-soragsyz adam öldürmegine we ýitirim etmegin ýol berdi” diýip, Patricia Gossman, hasabatyň awtory we HRW-nyň Aziýa ýurtlary boýunça direktorynyň orunbasary aýtdy.

XS
SM
MD
LG