Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda bolan otly ýangynynda 73 adam öldi


Pakistan otlusynda turan ýangyn onlarça adamyň ölümine sebäp boldy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:59 0:00

Pakistan otlusynda turan ýangyn onlarça adamyň ölümine sebäp boldy

Merkezi Pakistanda otlynyň otlanmagyndan azyndan 65 adam öldi diýip, welaýat ministri 31-nji oktýabrda aýtdy.

Ýangyn partlamadan soň, otly gündogardaky Panjap welaýatynyň Rahim Ýar Han şäheriniň golaýyna ýetende turdy. Otly Karaçiden ugrap, Rawalpindä barýardy diýip, ýerli media habar berdi.

Panjapda etrabyň adatdan daşary hyzmatlar gullugynyň sözçüsi Azatlyk radiosynyň Pakistan gullugyna, Maşal radiosyna ölenleriň sanynyň 73 adama ýetnedigini aýtdy.

Adatdan daşary hyzmatlar gullugynyň resmisi Kaleem Ullah ölenlerden başga 43 adamyň ýaraly bolandygyny, 11 ýaralynyň ýagdaýynyň agyrdygyny aýtdy.

Ol ýaralylaryň ýerli hassahanalara ýerleşdirilendigini hem sözüne goşdy.

Häkimiýetler ýangynyň ýolagçylaryň käbiriniň, düzgüni bozup, ýanlary bilen alyp gelen göterme peçlerinde ertirlik taýýarlamagy netijesinde turandygyny aýtdylar.

“Adamlar ertirlik bişirinýän wagtynda iki peç partlady, gidip barýan otlynyň üstündäki ýolagçylaryň ýanynda nebitiň bolmagy bilen ýangyn çalt tutaşdy” diýip, demirýol ministri Şeýh Raşid Ahmed Pakistanyň Geo TW-sine aýtdy.

Ýolagçylaryň köpüsi sünni musulmanlaryň missionerçilik hereketiniň gurnaýan konferensiýasyna gatnaşmaga barýardy diýip, Ahmed said.

"Adamlaryň köpüsi otludan bökmek netijesinde heläk boldy” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Pakistanyň premýer-ministri Imran Han twitterde “aýylganç betbagtçylyk” üçin çuňňur gynanjyny bildirdi. Şeýle-de Han bu hadysanyň gyssagly derňelmegine çagyrdy.

Telewideniýede görkezilen wideoýazgylar togtadylan otlynyň wagonlarynyň penjirelerinden burugsaýan ýalny görkezdi.

Halas ediş toparlaryna ýardam bermek üçin goşun esgerleri we lukmanlar, saglyk işgärleri hem ugradyldy diýip, harbylaryň beýanatynda aýdylýar.

Pakistanyň kolonial döwürde gurlan demirýol ulgamy, ýeterlik serişde goýberilmezligi we gowy seredilmezligi netijesinde, heläkçilikli ýagdaýda ýerleşýär.

Bu demirýol ulgamynda iýul aýynda bolan hadysada 11 adam, sentýabrda bolan hadysada bolsa 4 adam öldi.

2005-nji ýylda Sind welaýatynda bir otlynyň beýlekä gelip urmagy we olaryň üstünden üçünji otlynyň gelmegi netijesinde 130 adam öldi.

XS
SM
MD
LG