Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Wekiller öýi Tramyň impiçment derňewini resmileşdirmegi sese goýýar


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň Wekiller öýi prezident Donald Trampa garşy impiçment derňewini nobatdaky derejelere çykarmak çäresini geçirdi.

31-nji oktýabrdaky ses berişlik Wekiller öýüniň spikeri Nansi Pelosiniň 24-nji sentýabrda başlan impiçment derňewine bildirilýän goldawyň ilkinji resmi synagy bolup durýar.

Bu çäre derňewiň has kän jemgyýetçilik fazasyna geçmegindäki jikme-jiklikleri beýan edýär we Trampyň aklawçylarynyň eýe boljak hukuklaryny kesgitleýär.

Wekiller öýündäki respublikaçylaryň ählisi we diňe iki demokrat bu çärä garşy ses berdi, netijede jemi 232 wekil ony goldady, 196 wekil bolsa bu çärä garşy çykdy.

Impiçment derňewi Tramp 2020-nji ýyldaky saýlawlarda gaýtadan saýlanmagyna kömek etmegi üçin, öz garşydaşlaryna, ABŞ-nyň ozalky wise-prezidenti, demokrat Joe Baýdene we onuň ogly Hantere garşy derňewe başlatjak bolup, Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskä basyş edipdirmi ýa däl diýen meseläni aýdyňlaşdyrmaga gönükdirilen.

Tramp bu aýdylýanlary ret edýär we impiçment derňewini “taryhda bolan iň uly arwah awy” diýip atlandyrýar.

Şu aralykda Tim Morrison, Ak tamda Orsýet we Ýewropa meselelerine sereden resmi Trampyň öz wezipesini şahsy syýasy bähbit üçin nädogry ulanyp-ulanmandygyny anyklaýan kongres derňewçileriniň öňünde görkezme berdi.

Wezipesinden çetleşdirilmezinden bir öň işden çekilen Morrison Trampyň 25-nji iýulda eden telefon gürrüňini we onuň Zelenskiden Baýdenleri derňemegi soranyny diňlän resmileriň biri bolup durýar.

Tramp şol wagt Ukraina berilmeli 400 milliona golaý harby kömegi berdirmän saklap otyrdy.

Morrison ABŞ-nyň Ukrainadaky baş diplomaty William Teýloryň aýdan zatlarynyň köpüsini tassyklady we Trampyň Ukraina babatdaky syýasatyndan alada galýandygyny aýtdy.

"Men tassyklap bilerin” diýip, Morrison öz taýýarlan belliklerinde aýtdy we diplomatyň beren görkezmesiniň mazmuny “dogry” diýdi.

Emma 30-njy oktýabrda wezipesinden çekilen kömekçi kanun çykaryjylara “anyklaşdyrmak isleýärin, men Trampyň ukrain lideri bilen eden telefon gürrüňi mahalynda haýsydyr bir bikanun zat maslahatlaşyldy diýen ünjä galmadym” diýdi.

Teýlor geçen hepde ABŞ-nyň kömeginiň Kiýewiň Baýdenleri derňemek barada açyk wada bermegine bagly boljagyndan biynajalyk bolandygyny aýdypdy.

XS
SM
MD
LG