Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda partlan bomba dokuz okuwçyny öldürdi


Açyk meýdanda okaýan owgan çagalary. Nangarhar welaýaty, 2014.
Açyk meýdanda okaýan owgan çagalary. Nangarhar welaýaty, 2014.

Owganystanyň Takhar welaýatynda okuwa barýan oglanlar ýol ýakasynda gömlen bombanyň üstünden basanda, dokuz oglan wepat boldy.

“Şu gün irden, sagat 8:30-da dokuz sany okuwçy oglan “Talybanyň” gömen ýer bombasynyň ýarylmagy netijesinde pajygaly ýagdaýda şehit boldy” diýip, AFP welaýat gubernatorynyň sözçüsi Jawad Hejriniň aýdan sözlerine salgylanyp habar berdi.

“Bu sebitde “Talyban” jeňçileri agdyklyk edýär, emma hiç bir topar bu partlamanyň jogapkärçiligini öz üstüne almady.

BMG-niň Owganystandaky Kömek missiýasy (UNAMA) oktýabr aýynda ýylyň ilkinji dokuz aýynda bolan “zorluklaryň asuda adamlara ýetirýän zyýanynyň görülmedik derejesinden” çuňňur alada bildirdi.

Şonda gurama 2,563 adamyň ölümini we 5,676 adamyň ýaralanandygyny hasaba alypdy.

XS
SM
MD
LG