Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýada Milli Bütewilik Güni bellenilýär


Putin Bütewilik Gününiň wagzy bilen watançylyk duýgularyny ornaşdyrmagy, şeýle-de Kremliň täsirini güýçlendirmegi maksat edinýär.
Putin Bütewilik Gününiň wagzy bilen watançylyk duýgularyny ornaşdyrmagy, şeýle-de Kremliň täsirini güýçlendirmegi maksat edinýär.

Russiýada 4-nji noýabrda Milli Bütewilik Güni bellenilýär. Munuň dürli etniki we dini toparlaryň arasyndaky çydamlylygy ündeýändigi aýdylýar.

Bu gün Russiýada dynç alyş güni.

Öňler bu gün mynasybetli milletçi we monarhist toparlary demonstrasiýalary geçiripdiler.

Russiýanyň Jemgyýetçilik Pikir boýunça Derňew Merkeziniň geçiren pikir soralyşygynyň netijelerine görä, russiýalylaryň 37%-i ýurtda adamlaryň arasynda bütewiligiň bardygyna ynanýar; 54%-i bolsa ynanmaýar.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 1612-nji ýylda ruslaryň polşaly güýçlerden üstün çykmagyny dabaralandyrmak üçin, 2006-njy ýylda Milli Bütewilik Gününi girizipdi.

Ol sowetler döwri 7-nji noýabrda bellenilen Bolşewik rewolýusiýasy gününiň ornuny tutdy.

Putin Bütewilik Gününiň wagzy bilen watançylyk duýgularyny ornaşdyrmagy, şeýle-de Kremliň täsirini güýçlendirmegi maksat edinýär.

Emma, soňky ýyllar bu gün Russiýada hökümete garşy protestler geçirilýär.

XS
SM
MD
LG