Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bosgunlykdaky rus žurnalisti Babçenko Ukrainany terk etdi


Žurnalist Arkadiý Babçenko
Žurnalist Arkadiý Babçenko

2017-nji ýylyň güýzünden bäri Ukrainada bosgunlykda ýaşan rus dissident žurnalisti bu ýurdy terk etdi. Bir wagt Arkadiý Babçenko ABŞ-da öndürilen Abrams tanky bilen Russiýa dolanjakdygyny söz beripdi.

Geçen dynç günleri özüniň Facebook hasabynda ýerleşdiren ýazgysynda ol Ukrainany näme sebäpden terk edýändigi barada anyk hiç zat aýtmady. Ol aprelde Wolodymyr Zelenskiýiň prezident saýlanmagyndan soňra, özüniň howpsuzlygy boýunça aladalaryň güýçlenendigini belledi.

42 ýaşly Babçenko Ukrainanyň ozalky prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň ýarany Andriý Portnow bilen ýerlerini çalyşandygyny aýtdy. Portnow şu ýylky prezidentlik saýlawlaryndan soň Russiýadaky bosgunlygyndan yzyna – Ukraina dolanypdy.

Ýanukowiç we onuň administrasiýasynyň beýleki ýokary derejeli wekilleri 2014-nji ýyldaky demokratiki gymmatlyklary ündän Maýdan hereketinden soňra Russiýa aşypdylar.

“Portnow geldi – Babçenko gitdi” diýip, žurnalist belledi.

Ol häzir özüniň anyk nirededigini aýdyňlaşdyrmady.

XS
SM
MD
LG