Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sanynda soňky döwürlerde türkmen häkimiýetleriniň bedenine tatu basdyran adamlary soraga çekip başlamagy we munuň mümkin bolan sebäpleri barada gürrüňler gozgalýar.
Tatu näme? Onuň saglyga täsiri barmy? Näme üçin käbir adamlar öz bedenine tatu basdyrýar? Türkmenabatda häkimiýetler näme üçin hususan-da Türkiýeden ýurda dolanan adamlaryň arasynda tatuly adamlary gözleýär, olary soraga çekýär!? Bu günki gepleşigimizde şeýle soraglaryň töwererginde gürrüňdeşlikler geçirilýär.
Gepleşigimiziň başynda braziliýaly tatu ussasy Thiago Depont bilen 8-nji noýabrda telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligi siziň dykgatyňyza ýetirýäris. Ikinji bölümde türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hally bilen gadagançylyk we adamlaryň galypa salynmagy ýaly temalary öz içine alýan söhbetdeşligi siziň dykgatyňyza ýetirýäris.