Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Goşhaltasyndan kesilen aýal elleri çykan rus taryhçysy günäsini boýun almak ylalaşygyna girýär


Rus taryhçysy Oleg Sokolow
Rus taryhçysy Oleg Sokolow

Orsýetiň harby-taryhy jemgyýetiniň ylmy geňeşiniň agzasy, Sankt-Peterburg Döwlet uniwersitetiniň Taryh institutynyň dosenti Oleg Sokolow adam öldürmekde güman edilip saklandy diýip, Orsýetiň derňew komiteti habar berýär.

Sokolowy 9-njy noýabr güni irden Petrburgyň merkezine golaý Moýka derýasyndan tapdylar, onuň goşhaltasyndan (rýukzagyndan) zenan maşgalanyň iki eli we sapança çykdy.

“Fontanka” neşiriniň maglumatyna görä, rýukzagy suwa çümdürmek üçin eden synanyşyklary netije bermänsoň, professor ony derýadan çykarmaga çalşypdyr. Sokolow sowuklama zerarly hassahana ýerleşdirildi.

Güman edilýäniň öýi dökülende, ol ýerden byçgy bilen böleklere bölünen 24 ýaşly zenanyň jesedi tapyldy.

Döwlet eýeçiligindäki TASS habar gullugy polisiýa çeşmelerine salgylanyp, gürrüňi edilýän pidanyň Sokolowyň ozalky studenti Anastasiýa Ýeşenko bolmagynyň mümkindigini, onuň aslynyň Orsýetiň Krasnodar sebitinden bolandygyny habar berýär.

Ol, aýdylmagyna görä, Sokolow bilen bilelikde, egindeş awtor bolup, Napoleonyň fransyz harby dolandyryşy barada ylmy-barlag işlerini taýýarlapdyr.

Käbir maglumatlara görä, Sokolow ol aýaly 7-nji noýabrda, öz kwartirasynda öldürip, jesedini gizläp goýupdyr. Ertesi gün ol öýünde myhman kabul edipdir. Altynjy gün irden ol jesetden dynmak kararyna gelip, byçgy satyn alypdyr.

Ol jesedi böleklere bölüp başlanda, özüni erbet duýup, spirtli içgi içipdir.

47news neşiriniň ýazmagyna görä, Sokolow Napolýonyň mundirini geýip, Petropawlosk galasynda, syýahatçylaryň gözüniň öňünde özüni öldürmegi planlaşdyrypdyr. Ol öýünde nesihathama galdyrmagy, ýanyndan bolsa bolan wakanyň sebäbini düşündirýän hat tapylmagyny planlaşdyrypdyr.

Özüni Sokolowyň aklawçysy diýip tanadan Aleksandr Poçuýewiň tassyklamagyna görä, onuň müşderisi bu mesele boýunça “günäsini boýun almak ylalaşygyna gol çekipdir”.

Eger-de meniň müşderimiň boýun alan aýylganç jenaýaty bolan bolsa, ol güýçli faktorlar esasynda, belki-de patalogiki serhoşlyk ýa-da wagtlaýyn dälilik ýagdaýynda amala aşyrylan bolmaly” diýip, Poçuýew aýtdy.

Heniz höküm çykarylanok, şol pursata çenli adamy günäkär hasaplamak gadagan edilýär” diýip, Poçuýew Orsýetiň Jenaýat kodeksine salgylanyp aýtdy.

63 ýaşyndaky Sokolow Orsýetde taryhy rekonstruksiýa (täzeden guruş) hereketini esaslandyryjylaryň biri bolup durýar. Ol 1976-njy ýylda Sowet Soýuzynda ilkinji taryhy-täzeden guruş toparyny döretdi.

Häzir ol bütinrussiýa Harby-taryhy hereketine ýolbaşçylyk edýär. Bu hereket Napolýon döwrüniň harby söweşlerini rekonstruksiýa etmek bilen meşgullanýar.

Napolýon baradaky işleri üçin Fransiýanyň Hormat legiony ordeniniň eýesi bolan Sokolow hakynda çaklaňja film hem düşürildi.

2018-nji ýylyň martynda internetde Sokolowyň leksiýasy wagtynda amatsyz sorag beren iki studentiň onuň tabşyrygy boýunça urluşyny görkezýän wideo peýda boldy.

2008-nji ýylda başga bir student gyz, içerki zorlukda aýyplap, onuň üstünden polisiýa şikaýat etdi diýip, “Moskowskiý komsomoles” ýazdy.

XS
SM
MD
LG