Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rumyniýalylar prezident saýlamak üçin ses berýär


Buharestdäki saýlaw nokadynda çagasy bilen ses berýän saýlawçy
Buharestdäki saýlaw nokadynda çagasy bilen ses berýän saýlawçy

Rumyniýada prezident saýlawlary geçirilýär.

Ses berişlik, merkez-sagçy partiýanyň ozalky liderini, Ýewropa Bileleşigine tarapdar, iş başyndaky prezident Klaus Iohannisi prezidentlige gaýtadan getirip, dolandyryjy Milli liberal partiýanyň soňky döwürde gazanan üstünliklerini berkider öýdülýär.

Daşary ýurtlardaky rumyniýalylaryň arasyndaky ses berişlikler iki gün ozal başlandy.

Prezidentlik üçin bäsleşýän 14 kandidatyň arasynda golaýda wezipesinden çetleşdirilen premýer-ministr, Sosial demokratik partiýanyň lideri Wiorika Dansila (Viorica Dancila) hem bar.

Pikir soramalary Iohannisiň 40 prosent çemesi ses almagynyň mümkindigini görkezýär. Bu onuň iň ýakyn bäsdeşleriniň aljak sesinden iki esse kän, emma ol sesler onuň birinji tapgyrda doly ýeňiş gazanmagy üçin ýeterlik bolmaz.

Eger-de birinji tapgyrda hiç bir kandidat 50 prosentden kän ses almasa, saýlawlaryň ikinji tapgyry 24-nji noýabrda geçiriler.

XS
SM
MD
LG