Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BAE Eýrany has giň gepleşiklere, raketalar we proksi işjeňlikleri barada gürleşmäge çagyrýar


BAE-niň daşary işler ministri Anwar Gargaş. Arhiw suraty
BAE-niň daşary işler ministri Anwar Gargaş. Arhiw suraty

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) Eýrany dünýä döwletleri we özüniň Aýlak goňşulary bilen has giňişleýin gepleşikleri geçirmäge, şol sanda diňe ýadro meseleleri boýunça däl, Tähranyň ballistik raketa programmasy we onuň daşary ýurtlardaky proksi toparlary ulanmagy barada gepleşmäge çagyrdy.

ABŞ ýarany we Eýran bilen uzak wagt bäri territorial dartgynlykda duran ýurduň çagyryşy Tähranyň geçen hepde dünýä döwletleri bilen baglaşan 4 ýyllyk ýadro ylalaşygyndan ýene bir ädim daşlaşmagynyň yz ýanyndan edildi. ABŞ bu ylalaşykdan geçen ýyl çekildi.

“Roýters” habar gullugynyň maglumatyna görä, "Ýagdaýlary mundan aňryk beterleşdirmek hiç kimiň peýdasyna däl we bu ýerde kollektiw diplomatiýanyň ýol almagyna ýer galandygyna ynanýarys” diýip, BAE-niň daşary işler ministri Anwar Gargaş Abu Dabide aýtdy.

Gargaş gapma-garşylyk bilen “kemçilikli” ýadro ylalaşygynyň arasyndaky “galp seçgä” salgylanyp, täze ylalaşyk dartgynlyklary azaldyp, Eýranyň ykdysadyýetiniň häzirki çökgün ýagdaýyndan gowulaşmaga tarap süýşmegine itergi berip biljekdigini aýtdy.

Iki ýurduň arasyndaky dartgynlyklar prezident Donald Tramp Birleşen Ştatalry ýadro ylalaşygyndan çykaryp, Eýrana garşy “maksimum basyş” kampaniýasynyň çäginde bir taraply ykdysady we söwda sanksiýalaryny gaýtadan girizip we güýçlendirip başlandan soň ýokary galdy.

XS
SM
MD
LG