Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan saýlawlaryna ýene bir zarba, esasy dalaşgär öz gözegçilerini ses sanamakdan çykarýar


Iş başyndaky prezident Aşraf Gani we baş ýerine ýetiriji ofiser bolan Abdulla Abdulla
Iş başyndaky prezident Aşraf Gani we baş ýerine ýetiriji ofiser bolan Abdulla Abdulla

Iş başyndaky prezident Aşraf Ganiniň Owganystanyň prezident saýlawlaryndaky baş bäsdeşibir aý gowrak ozal öz synçylar toparyny sesleriň resmi taýdan has berk täzeden saýlanmagyndan yza çekdi.

Kandidat we Ganiniň uzak wagtlyk bäsdeşi, Ganiniň birinji prezidentlik möhletine ýol açan häkimiýeti bölüşmek ylalaşygy esasynda baş ýerine ýetiriji ofiser bolan Abdulla Abdulla, ýene bir dawaly saýlawlardan soň, bu çekilişi 10-njy noýabrda yglan etdi.

Ol, eger-de öz saýlaw gözegçileri ses sanamaga gatnaşmasa, Owganystanyň Garaşsyz Saýlaw komissiýasynyň çykaran islendik netijesiniň bikanun boljakdygyny aýtdy.

Onuň gözegçiler toparynyň ses sanamakdan çekilmegigowuşgynsyz günorta aziýa ýurdy üçin örän aýgytly saýlawlaryň ozal hem gijigen ses sanamalaryna ýene bir zarba boldy.

Owganystan ABŞ-nyň we beýleki ýurtlaryň goşunlarynyň kömegi bilen bir topar pitneçiligi ýatyrmaga hem-de onlarça ýyla çeken konfliktden çykmaga synanýar.

Gani bilen Abdulla, 28-nji sentýabrda geçirilen saýlawlarda hersi özüniň ýeňendigini aýdyp, bir-birine saýlawlary galplaşdyrmakda aýyplady.

Saýlawlaryň gutarnykly netijeleriniň 14-nji noýabrdan gijikmän yglan edilmegine garaşylýardy. Emma resmiler netijeleri yglan etmegiň ýene gijikdirilmeginiň ähtimaldygyny eýýämden yşarat etdiler.

2014-nji ýylda geçirilen prezident saýlawlarynyň netijeleri diňe Birleşen Ştatlaryň araçylyk etmegi we şol wagtky kandidatlar Gani bilen Abdullanyň arasynda häkimiýet bölünişigini ýola goýmagybilen aýdyňlaşdyryldy.

XS
SM
MD
LG