Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hong Kongda polisiýa protestçini atdy


Hong Kongda polisiýa protestçini saklaýar. 11-nji noýabr, 2019 ý.
Hong Kongda polisiýa protestçini saklaýar. 11-nji noýabr, 2019 ý.

Hong Kongda 11-nji noýabrda demokratiýa gymmatlyklarynyň tarapynda çykyş edýän protestçiler köçe-ýol hereketini böwetlediler.

Şeýle-de, polisiýa protestçileriň biriniň döşüne atdy. Demonstrant häzir agyr ýagdaýda keselhana ýerleşdirildi.

Protestleriň soňky tolkuny golaýda bir studentiň öldürilmeginden soň has-da möwjedi.

Ýarym awtonom Hong Kong regionyndaky protestler mundan alty aý töweregi ozal, hökümetiň ekstradisiýa baradaky kanun taslamasyny ýatyrmagy baradaky çagyryşlar bilen başlandy we soňra talaplar giňäp, köpçülikleýin köçe hereketlerine ýazdy.

Protestçiler ýarym awtonom sebitde Hytaýyň täsiriniň barha artýandygyny, Pekiniň esasy azatlyklary we erkinlikleri çäklendirýändigini aýdyp, muňa nägileligini bildirýärler.

Ozalky britan koloniýasy 1997-nji ýylda Hytaýa gaýtarylyp berlipdi. Aktiwistler şonda Hong Konguň awtonomlygy we Günbatardaky ýaly raýat azatlyklarynyň ornaşdyryljakdygy boýunça berlen wadalaryň tutulmaýandygyny aýdýarlar.

Protestler 8-nji noýabrda 22 ýaşly studentiň ölmeginden soňra has-da möwjedi. Student geçen dynç günleriniň dowamynda polisiýanyň operasiýa geçiren sebitine golaý bir ulag duralgasyndan gaçyp, heläk bolupdy.

Duşenbe güni ir bilen demonstrantlar otly ýollaryny we köçeleri böwetlediler.

Polisiýa demonstrantlara garşy burçly spreýleri ulandy. Kanun goraýjy işgärleriň biri bolsa, sapançasy bilen protestçini atdy.

XS
SM
MD
LG