Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Rumyniýadaky prezidentlik saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda Iohannis we Dansila bäsleşerler


Rumyniýanyň prezidenti Klaus Iohannis (sagda) we premýer-ministri Ludowiç Orban. 10-njy noýabr, 2019 ý.

Rumyniýanda geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň deslapky resmi netijelerine görä, Ýewropa Bileleşigine tarapdar, iş başyndaky prezident Klaus Iohannis saýlawlaryň birinji tapgyrynda birinjiligi eýeläpdir.

Merkezi Saýlaw Býurosynyň 11-nji noýabrda sesleriň 96%-niň sanalmagy netijesinde beren maglumatyna görä, häkimiýet başyndaky merkezi-sagçy Milli Liberal Partiýany goldaýan dalaşgäri Iohannis sesleriň 36.91%-ni alypdyr.

Iohannis 24-nji noýabrda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda golaýda wezipesinden çetleşdirilen premýer-ministr, Sosial demokratik partiýanyň lideri Wiorika Dansila bilen bäsleşer. Ol sesleriň 23.45%-ni alypdyr.

Prezidentlik saýlawlaryna hasaba alnan 18 million saýlawçynyň diňe 48%-i gatnaşyp, ses berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG