Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Biz undan kartoşka geçýäris". Gazagystanda un gymmatlaýar


Gazagystanda çörek satylyşy. Illýustrasiýa suraty.
Gazagystanda çörek satylyşy. Illýustrasiýa suraty.

Noýabr aýyndan başlap, Gazagystanda un we un önümleriniň bahalary ýokarlandy. Hökümetler muny şu ýylky hasyl azlygy bilen düşündirýärler hem çöregiň bahasynyň indi gymmatlamajagyny aýdýarlar. Käbir bilermenleriň pikirine görä, hili gowy bolan galla eksporta gidýär, bu bolsa içerki bazaryň bahalaryna täsir edýär.

«ÇÖREK GYMMATLAÝAR, AÝLYKLAR BOLSA ARTMAÝAR»

Omarowlaryň maşgalasynda 14 adam bar, bir wagt Kabanbaý Almaty oblastyndan şäheriň etegine göçüp gelipdi. Maşgalanyň ýaşulusy, ýaşy 60-dan geçen Žantöre işe ukyply däl. Onuň aýaly Žamalyň aýtmagyna görä, ogullaryna hem gelinlerine jaý gurup bermek üçin, ýer satyn alyp, ol ýerden jaý gurup başlapdyrlar. Ýöne pul ýetmezçiliginden, jaýyň gurluşygyny saklamaly bolupdyrlar.

Žantöre bilen Žamalyň her biri 60 müň teňge möçberinde pensiýa alýarlar. Bu pul käte egin-eşige hem çagalaryň iýmitine ýetmeýär. Olar her aýda 50 kilogramlyk 1-nji sort undan iki halta, ýokary sortly undan hem 25 kg. almaly bolýarlar.

1-nji sortly undan nan bişirýärler, ýokary sortly uny nahar üçin ulanýarlar. Olaryň pul tygşytlajak bolup satyn alýan uny soňky wagtda birden gymmatlap, ol baha pensionerleriň mümkinçiliginden ýokary galdy.

Omarowlaryň sözüne görä, Şymkentden çykýan «Pioner» diýilýän, agramy 50 kg. bolan 1-nji sortly un öň 5 müň teňgedi, indi 8 müň teňge boldy. Agramy 25 kg. bolan şol 1-nji sortly «Pioner» uny 5 müň teňgä baryp ýetdi.

— Gyş üçin 9 halta Narynkol kartofelini satyn aldyk. Häzir onuň bahasy arzan, kilosy 80 teňgeden. Un gymmatlasa, çörege derek kartoşka iýmeli bolarys. Üç ýyldan bäri sogym (sogym – gyşa et taýýarlamak– Red.) soýup bilemzok – diýip, Žamal aýdýar.

Almaty bazarynyň birinde unuň satylyşy. 7-nji noýabr 2019.
Almaty bazarynyň birinde unuň satylyşy. 7-nji noýabr 2019.

Unuň gymmatlamagy sosial ulgamda köp maslahat edilýän temalaryň birine öwrüldi. Žanibek Köpžasaryň ýazmagyna görä, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, «un iki esse gymmatlapdyr».

— Geçen ýyl bir halta un dört müň teňgedi, häzir bolsa 8 müň teňgä çykdy. Biz bolsa muňa hiç bir närazylyk bildirmezden, aýda iki-üç halta un iýýäris. Munuň daşyndan aýlyklary iň bolmanda bir teňge köpeltmek barada hiç kim alada etmeýär – diýýär.

DURNUKLY FOND KÖMEK EDERMI?

Azatlyk Radiosynyň habarçysy unuň bahasyny anyklamak üçin, Almatyda birnäçe bazara baryp gördi. Iň gymmat un «Dani nan» bolup, söwdagärleriň sözüne görä, öň onuň kilosy 450 teňgeden satylan bolsa, häzir 550 – 600 teňge. Pakete gaplanan 2 kilolyk «Szesna» uny öň 350 - 400 teňgedi, indi gymmatlap 450 -500 teňgä ýetipdir.

Aýnasyl «Turksib» bazarynda 13 ýyl bäri un satýar, ol aýal unuň bahasynyň birden ýokarlanmagyna geň galýar. Onuň sözüne görä, ýylyň şu döwürlerinde un köpelip, onuň bahasy aşaklaýan eken.

Unuň pakete gaplanyşy. Illýustrasiýa suraty.
Unuň pakete gaplanyşy. Illýustrasiýa suraty.

— Bir halta uny biz öz alan bahamyzdan 200 teňge gymmada satýarys. Iň gymmady Kostanaýyň «Dani nan» uny bolup, ol bize Şymkentden gelýär. Onuň 1-nji sortunyň kilosy 500 teňge, şu görnüşdäki unuň iň arzany 400 teňge – diýip, Aýnasyl aýdýar.

Gök bazar ady bilen tanalýan Merkezi bazarda hem unuň birden gymmatlandygyny aýdýarlar. Aýdyşlaryna görä söwdagärler söwdanyň geçmegi üçin, harydyň üstüne goýulýan bahany aşakladypdyrlar, şonda-da un alyjylar üçin gymmada durýar.

Bazardaky söwdagärleriň köpüsi unuň bahasynyň artandygy barada gürläsi gelenok, olaryň basyşdan gorkýandygy belli. Olar unuň gymmatlamagy bilen ondan edilýän önümleriň hem bahasynyň artmagyndan, umumy bahanyň ýene ýokarlanmagyndan alada edýärler.

Almatynyň bazarlarynyň birinde satuwda goýlan un. 7-nji noýabr, 2019.
Almatynyň bazarlarynyň birinde satuwda goýlan un. 7-nji noýabr, 2019.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy birnäçe söwda dükanlaryna hem baryp, taýýar çöregiň bahasy bilen gyzyklandy. Söwdagärleriň pikirine görä, sentýabryň başyndan, ýagny un önümleriniň gymmatlajakdygy barada habar ýaýanyndan, bahalar ýokarlanyp başlapdyr. Häzir buhanka çöregiň bahasy 70 -75 teňgeden, 80 teňgä ýetdi.

Çörek önümleriniň gymmatlamagynyň mümkindigini Oba hojalyk ministrligi sentýabr aýynda mälim edipdi. Oktýabr aýynyň ortalarynda bolsa Oba hojalyk ministri Saparhan Omarow habar serişdelerine interwýu bereninde, muny tassyklady. Onuň sözüne görä, howa şertleriniň ýaramaz gelmegi bilen bu ýyl Gazagystanda geçen ýylka garanyňda 1 -1,5 million tonna galla az öndürilipdir.

Galla hasylynyň ýygnalyşy, Akmola oblastynyň Akkol obasy.
Galla hasylynyň ýygnalyşy, Akmola oblastynyň Akkol obasy.

«Eger biz 19 million tonna galla öndürsek, onuň 9 million tonnasy içerki bazar üçin galýar, 7 -8 million tonna-da eksporta gidýär. Ondan daşary-da iki million tonnadan gowrak galla galýar. Bizde geçen ýylkydan galan 1,5 million tonna galla bar» diýip, ministr aýtdy. Şonuň üçinem gündelik ulanylýan çöregiň bahasynyň gymmatlamajagyny mälim etdi.

— Gallanyň bahasy gymmatlaýan ýagdaýynda, her bir oblastyň häkimligi döwlet durnuklylyk fondundaky galladan peýdalanyp bilerler – diýip, ministr belledi.

Ministriň sözüne görä, Gazagystan ondan öň hem ätiýaç üçin goýlan zapasdan peýdalanyp, çöregiň bahasyny saklap bilipdir.

— Içerki bazaryň durnuklylygyny saklamak üçin, her ýyl fewral aýyndan iýula çenli «Prodkorporasiýa» bileleşigi 150 müň tonnadan 250 müň tonna çenli gallany un kombinatlaryna goýberýär. Bu ýyl bolsa içerki bazar üçin 150 müň tonna göz öňünde tutuldy - diýip, ol aýdýar.

«EKSPORT KÄTE AZALÝAR, KÄTE KÖPELÝÄR»

Ykdysatçy Daulet Toktasynow ministriň sözüne salgylanyp, hökümet her ýylda «Prodkorporasiýanyň» üsti bilen gallany arzan bahadan satýandygyny aýdýar. «Bu ýylda hem şol çäreden peýdalanarlar. Onda näme üçin bu ýyl gymmatlaşyk bolýar?» diýip, ol soraýar.

Onuň pikirine görä, döwlet arzan harytlaryň hasabyna bahalary saklajak bolýar, ýöne esasy bahany un öndürýän kärhanalar emele getirýär. «Un harazlary birnäçe gigantlaryň elinde, olar gallanyň bahasyny ýokarlandyryp bilerler» diýip, ol hasap edýär.

— Unuň gymmatlajagy baradaky habar ýaýrandan soň, ol gigantlar elinde bar bolan hasyly saklamak isleýärler hem bahalaryň ýene ýokarlanmagyna garaşýarlar – diýip düşündirýär.

Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Kostonaý oblastyndaky «Kazak üny» un öndüriji birleşiginiň direktory Kaýrat Kumaryň pikirine görä, bu ýylky gurakçylyk diňe bir hasylyň az bolmagyna getirmän, onuň hilini hem peseldipdir. Onuň sözüne görä, «ýokary hilli galla eksporta gider, içerki bazar üçin galan galla öňki möçberinde satylar, ýöne onuň hili pes bolar». Şonuň üçin ýokary hilli galla bolan isleg artar diýip ol belleýär.

energyprom.kz saýtynyň geçiren sorag-jogap maglumatyna görä, noýabr aýyndan başlap, Gazagystanda un hem çörek önümleri belli derejede gymmatlapdyr. Nyrhlaryň ýokary galýandygyny Oba hojalyk ministrligi hem tassyklaýar.

Aktöbe şäherinde «sosial çörek» diýilýän buhanka nanlaryň bahasy 1 -7 teňge gymmatlap, häzir 87 teňgä ýetdi. Atyrauda 20 teňge gymmatlap, ol 95 teňgä ýetdi. Pawlodarda hem şol derejede gymmatlap, 110 teňgä ýetdi.

2018-nji ýylda Gazagystanda 20,3 million tonna galla ýygnaldy. 2019-njy ýylda bolsa 19,3 million tonna ýygnaldy. Oba hojalyk ministrliginiň maglumatyna görä, Gazagystan Merkezi Aziýanyň durnukly bazarlary bolan Azerbaýjandan, Owganystandan hem Eýrandan daşary Türkiýä, Gürjüstana, Italiýa hem Ispaniýa galla satýar. Şu ýyl Azerbaýjana satylýan galla geçen ýylka garanda, 30% ýokarlanypdyr. Eger 2016-njy ýylda Hytaýa 300 müň tonna galla hem un eksport edilen bolsa, 2018-nji ýylda ol görkeziji ösüp, 600 müň tonna ýetdi. 2020-nji ýylda satyljak gallanyň mukdaryny ýene ösdürmekçi bolýarlar.

Oba hojalyk ministri Saparhan Omarowyň sözüne görä, Gazagystanyň eksporta çykarýan gallasy 2019 -2020-nji ýyllarda 3 million tonna çenli aşakladylar, ýöne ol 5 million tonnadan az bolmaz. Şeýle hem geljekde Hytaý boýunça eksport üçin gazanylan ylalaşygy saklamagyň zerurdygyny aýdýar. Gazagystan 2018-nji ýylda 6 million tonna galla hem 1 700 müň tonna uny eksport edipdir.

Material AÝ/AR-nyň Gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG