Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina YD-nyň ýokary derejeli kommandirini tussag etdi


Al-Bara Şişani
Al-Bara Şişani

Ukrainanyň howpsuzlyk gullugy “Yslam döwleti” ekstremistik toparyň möhüm agzasyny tussag etdi.

Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugy, ýagny SBU gürji raýaty Al-Bara Şişaniniň paýtagt Kiýewiň eteginde ele salnandygyny mälim etdi.

Gullugyň beýanatynda aýdylmagyna görä, operasiýa ABŞ-nyň Merkezi aňtaw agentligi we Gürjüstanyň Içeri işler ministrligi gatnaşypdyr.

Gürjüstanyň Döwlet howpsuzlyk gullugy gürrüňi gidýän şahsyýetiň Ukrainada saklanýandygyny tassyklady. Gulluk onuň asyl adynyň Tsezar Tokhosaşwilidigini hem mälim etdi.

Şişani Abu Omar al-Şişaniniň orunbasary bolupdy. Pentagon al-Şişanini “Yslam döwleti” ekstremistik toparynyň “uruş ministri” hökmünde häsiýetlendiripdi. Ol 2016-njy ýylda öldürilenden soňra, Şişani Türkiýä geldi.

SBU-nyň maglumatyna görä, Şişani 2018-nji ýylda galp dokumentler bilen Ukraina aşypdyr we ol ýerden jeňçi toparynyň hereketlerini koordinirläpdir.

XS
SM
MD
LG