Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran benziniň bahasyny galdyranyndan soňra, dürli şäherlerde protestler geçirildi


Tähranda ulaglar benzin guýdurmak üçin nobata durlar. 15-nji noýabr, 2019 ý.
Tähranda ulaglar benzin guýdurmak üçin nobata durlar. 15-nji noýabr, 2019 ý.

Eýranda häkimiýetleriň benzine çäklendirme girizmek we onuň bahasyny artdyrmak baradaky kararyndan soň, ýurduň ençeme şäherinde protestler geçirildi.

Döwlet eýeçiligindäki IRNA habarlar gullugy ýurduň Sirjan, Maşad, Ahwaz, Bandar Abbas, Şira we beýleki şäherlerinde geçirilen protestlerde çaknyşyklaryň hem bolandygyny habar berdi.

Maglumata görä, Sirjan şäherinde protestçiler “nebit deposyna hüjüm edip, ony otlamakçy bolupdyrlar”, emma polisiýa olaryň öňüni almagy başarypdyr.

Mundan iki gün ozal, Eýran goýberilýän benziniň möçberine çäklendirme girizidi we onuň bahasyny artdyrdy. Bu ABŞ-nyň sanskiýalarynyň Eýranyň ykdysadyýetine zarba urmagyny dowam etdirýän döwri bolup geçýär.

Ýag-ýangyjy paýlamak boýunça milli kompaniýanyň 14-nji noýabrda beren maglumatyna görä, her bir şahsy ulag eýesine aýlyk 60 litr benzin çäklendirmesi giriziler. Şeýle-de benziniň bir litriniň bahasy dokuz sentden 12.7 sente çenli galdyrylar.

Benzin kesgitlenen çägi geçenden soň, onuň bir litriniň bahasy 26 sent bolar.

XS
SM
MD
LG