Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabuldaky partlamada owgan armiýasynyň azyndan dört esgeri ýaralandy


Partlamalaryň bolan ýerine baran owgan howpsuzlyk işgärleri. 18-nji noýabr, 2019 ý.

18-nji noýabrda amala aşyrylan iki utgaşykly partlamada Owganystanyň Milli armiýasynyň azyndan dört esgeri ýaralandy diýip, polisiýa we içeri işler ministri AP habar agentligine beren maglumatynda aýtdy. Resmiler bu partlamalarda Kabulyň harby tälim-türgenleşik merkeziniň nyşana alnandygyny belleýärler.

Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili Nasrat Rahimi Twitterde ýazan maglumatynda janyndan geçen hüjümçileriň amala aşyran partlamalarynyň owgan paýtagtynyň günbatar böleginde yzly-yzyna bolan hüjümleriň yz ýanyna gabat gelendigini aýtdy.

Bu hüjümleriň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almaýan mahaly, wakanyň bolan ýerine tiz kömek gullugynyň işgärleri we derňewçiler bardylar.

Bu hüjümler 13-nji noýabrda janyndan geçeniň amala aşyran ulagly bomba partlamasynda 12 adamyň, şol sanda birnäçe çaganyň öldürilmeginiň yz ýanyna gabat geldi. Şol partlamada Kabuldaky hususy howpsuzlyk şereketiniň kerweni nyşana alnypdy.

Geçen hepde owgan prezidenti Aşraf Gani “Talybanyň” tussaglykdaky ýokary derejeli üç wekiliniň boşadyljakdygyny yglan etdi, ýöne soňra olary yzyna türmä iberdi.

Owgan hökümeti "Talybanyň" wekillerini Kabuldaky Amerikan uniwersitetiniň amerikaly we awstraliýaly iki professoryna çalyşmagy göz öňünde tutýardy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG