Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pompeo Trampyň Ukraina babatyndaky syýasatyny goldady


ABŞ-nyň döwlet sekretary Mike Pompeo
ABŞ-nyň döwlet sekretary Mike Pompeo

Prezident Donald Trampyň Ukraina berilmeli harby kömegi saklap, öz wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanyp-peýdalanmandygyny kesgitlemek baradaky ABŞ-nyň Wekiller Öýüniň diňlenişigi ikinji hepde dowam edýär.

Bu aralykda, ABŞ-nyň döwlet sekretary Mike Pompeo prezident Donald Trampyň Ukraina babatyndaky syýasatyny goldap çykyş etdi.

Şu hepde prezidentiň ABŞ-nyň Ukraina boýunça alyp baran syýasatyndan habarly dokuz adam, şol sanda Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň, Goranmak we Döwlet departamentleriniň agzalary hem görkezme bererler.

Pompeo 18-nji noýabrda Waşingtonda eden çykyşynda Trampyň Ukraina söweş ýaraglaryny berip, ozalky prezident Barak Obamanyň administrasiýasynyň “uly säwliklerini düzedendigini” aýtdy.

Kiýew Ukrainanyň gündogar sebitlerinde Russiýa tarapyndan goldanylýan güýçler bilen söweşýär.

“Men başaran işlerimize guwanýaryn. Prezident Trampyň syýasaty turuw başdan yzygiderli boldy. Döwlet departamenti doly goldaýar” diýip, Pompeo belledi.

Trampyň ukrainaly kärdeşi Wolodymyr Zelenskiý bilen 25-nji iýuldaky telefon söhbetdeşliginden öň, Ukraina üçin berilmeli 400 million dollara golaý serişdäni berdirmän saklap oturmagy – impiçment derňewiniň esasy seredýän meselesi bolup dur.

XS
SM
MD
LG